HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HKP – Hytaýyň üstünlikleriniň açary — HKP-niň 105 ýyllygy | HHR-niň Türkmenistandaky Ilçisiniň makalasy

Iýul 10, 2026 | 18:25 |2027
1-nji iýulda Hytaýyň Kommunistik partiýasy döredilmeginiň 105 ýyllygyny belläp geçdi. HKP Merkezi Komitetiniň Baş sekretary, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy we Merkezi Harby Geňeşiň Başlygy Si Szinpin bu mynasybetli möhüm çykyş etdi1-nji iýulda Hytaýyň Kommunistik partiýasy döredilmeginiň 105 ýyllygyny belläp geçdi. HKP Merkezi Komitetiniň Baş sekretary, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy we Merkezi Harby Geňeşiň Başlygy Si Szinpin bu mynasybetli möhüm çykyş etdi
Çeşme: HHR-niň Türkmenistandaky Ilçihanasy

Hytaýa baryp gören ýa-da onuň ösüşini yzygiderli synlaýan köp sanly dostlar ýurduň garaşsyz daşary syýasatyna, jemgyýetçilik durnuklylygyna we sazlaşygyna, gülläp ösýän ykdysadyýetine hem-de ösen tehnologiýalaryna haýran galýarlar. Şeýle-de bolsa, köp adamlar Gadymy Hytaýyň bir wagtlar bölünşikli, garyp we ejiz ýurt bolandygyny bilmeýärler. Şol döwürde ýurt yzygiderli kemsidilmelere we zulumlara sezewar bolupdy. Täze Hytaý döredilenden soň, ýurtda bary-ýogy birnäçe onýyllygyň dowamynda senagatlaşma amala aşyryldy. Ösen döwletleriň ýüzlerçe ýylda geçen ýoluny Hytaý has gysga wagtda geçmegi başardy. Netijede, ýurt iki uly üstünligi gazandy: ýokary depginli ykdysady ösüşi we uzak möhletli jemgyýetçilik durnuklylygyny üpjün etdi.

Eger Hytaýyň nädip bary-ýogy ýüz ýyl töweregi wagtyň içinde şeýle ajaýyp üstünlikleri gazanandygyny sorasak, jogap aýdyňdyr: bu üstünlikleriň esasy açary – Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň (HKP) parasatly, şöhratly we öz ýörelgelerine ygrarly ýolbaşçylygydyr.

1-nji iýulda Hytaýyň Kommunistik partiýasy döredilmeginiň 105 ýyllygyny belläp geçdi. HKP Merkezi Komitetiniň Baş sekretary, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy we Merkezi Harby Geňeşiň Başlygy Si Szinpin bu mynasybetli möhüm çykyş etdi. Ol çykyşynda HKP-niň şöhratly ösüş ýoluna we taryhy hyzmatlaryna giňişleýin baha berdi, şeýle hem onuň üstünlik gazanmagynyň esasy sebäplerini beýan etdi.

Geçen 105 ýylyň dowamynda HKP-niň keseki ösüş nusgalaryny körlük bilen we mehaniki taýdan gaýtalamagy düýbünden ret edip, marksizmiň esasy ýörelgelerini Hytaýyň anyk şertleri bilen utgaşdyrmagy yzygiderli dowam etdirýär hem-de milli aýratynlyklara laýyk gelýän ösüş ýolundan ynamly öňe barýar. Partiýa hemişe özüniň ilkinji maksadyna we taryhy wezipesine — hytaý halkynyň abadançylygyny üpjün etmäge we hytaý milletiniň beýik galkynyşyny gazanmaga ygrarly bolup, ösüşiň merkezinde halkyň durmagy baradaky düşünjäni yzygiderli durmuşa geçirýär. Halkyň, döwletiň, milletiň hem-de öz ideallarynyň we ynançlarynyň hatyrasyna HKP kynçylyklardan we gurbanlardan gorkman, tutanýerli göreş alyp barýar. Ol öz berk erk-islegi bilen ähli halky ruhlandyryp, bir üstünligiň yzyndan beýlekisine tarap ynamly öňe barýar. HKP «demri taplamak üçin ilki özüň berk bolmaly» diýen ýörelgäni çuňňur aňýar. Şol sebäpli partiýa öz-özüni özgertmäge gönükdirilen batyrgaý çäreleri durmuşa geçirýär hem-de partiýanyň içinde giň gerimli we berk dolandyryş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirýär.

ambassador-shumin-cpc-105-anniversary-china-turkmenistan (2).jpg

105 ýylyň dowamynda HKP ýurduň köp milletli halkyny jebisleşdirip, olara ýolbaşçylyk etmek bilen üznüksiz göreş alyp bardy. Şol döwrüň dowamynda täze demokratik ynkylap, sosialistik ynkylap we gurluşyk, özgertmeler we açyklyk syýasaty, sosialistik döwrebaplaşdyrma, şeýle hem hytaý aýratynlyklaryna eýe bolan sosializmiň täze eýýamy döwründe uly üstünlikler gazanyldy. Şeýlelikde, hytaý milletiniň müňýyllyklara uzaýan taryhynda iň beýik we şöhratly sahypalaryň biri ýazyldy.

HKP diňe bir hytaý halkynyň abadançylygy ugrunda göreşmek bilen çäklenmän, eýsem tutuş adamzadyň geljegine hem hemişe uly üns berýär. Soňky ýüz ýylda görülmedik dünýä üýtgeşmeleri we çylşyrymly halkara ýagdaýlary bilen ýüzbe-ýüz bolýan häzirki döwürde HKP ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmak we dünýäniň ähli ýurtlarynyň bilelikdäki ösüşini hem-de abadançylygyny ilerletmek ugrunda işjeň tagalla edýär. Hytaý parahatçylyk, ösüş, hyzmatdaşlyk we özara bähbit gazanmak ýörelgelerine ygrarly bolup galýar. Ýurt parahatçylykly ösüş ýoluny yzygiderli dowam etdirýär hem-de özara bähbitli we utuşly açyklyk strategiýasyny üýtgewsiz durmuşa geçirýär.

Hytaý «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyny, Ählumumy ösüş başlangyjyny, Ählumumy howpsuzlyk başlangyjyny, Ählumumy siwilizasiýa başlangyjyny we Ählumumy dolandyryş başlangyjyny öňe sürdi. Şeýle hem ol adamzadyň bitewi ykbal bileleşigini gurmak başlangyjyny goldaýar.

ambassador-shumin-cpc-105-anniversary-china-turkmenistan (3).jpg

Häzirki wagtda HKP hytaý halkyny 15-nji bäşýyllyk meýilnamanyň maksatlaryny hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmek, hytaý nusgasyndaky döwrebaplaşdyrma arkaly kuwwatly döwleti gurmak we hytaý milletiniň beýik galkynyşyny üpjün etmek, şeýle hem dünýä açyklyk syýasatyny ýokary derejede yzygiderli giňeltmek ugrunda jebisleşdirip, öňe alyp barýar.

Biz dürli ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň syýasy partiýalary we guramalary bilen gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga, partiýa we döwlet dolandyryşy boýunça tejribe alyşmaga, Hytaý bilen Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mazmunyny baýlaşdyrmaga, garaýyşlaryň we bähbitleriň täze utgaşykly ugurlaryny tapmaga taýýardyrys. Şeýlelikde, halkara parahatçylygyny we ösüşini pugtalandyrmaga has uly goşant goşmagy maksat edinýäris.

HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Kanadadaky tokaý ýangynlaryndan döreýän tüsse howpuna garamazdan, öňki dünýä çempionlary dartgynly finala garaşýarlar

Kanadadaky tokaý ýangynlaryndan döreýän tüsse howpuna garamazdan, öňki dünýä çempionlary dartgynly finala garaşýarlar

19:30 Iýul 19, 2026
Emeli aň rak keselini anyklamagy we bejermegi özgertýär — hytaýly bilermen

Emeli aň rak keselini anyklamagy we bejermegi özgertýär — hytaýly bilermen

18:00 Iýul 19, 2026
Daşky dünýäni modelleşdirmek robotlaryň öwrenişini çaltlandyrýar

Daşky dünýäni modelleşdirmek robotlaryň öwrenişini çaltlandyrýar

16:30 Iýul 19, 2026