Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HNweGU-nyň talyplary BAE-niň Halifa uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligini tamamladylar

Iýul 13, 2026 | 18:54 |2048
1–10-njy iýul aralygynda Yagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň (HNweGU) talyplary Birleşen Arap Emirliklerinde okuw-önümçilik tejribeligini geçdiler1–10-njy iýul aralygynda Yagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň (HNweGU) talyplary Birleşen Arap Emirliklerinde okuw-önümçilik tejribeligini geçdiler
Çeşme: education.gov.tm

1–10-njy iýul aralygynda Yagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň (HNweGU) talyplary Birleşen Arap Emirliklerinde okuw-önümçilik tejribeligini geçdiler. Okuw Abu-Dabi şäherindäki abraýly Halifa uniwersitetinde daşary ýurtly talyplar üçin guralýan «Tomusky energetika lageri» halkara maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.

Bu tejribeligiň esasy maksady ADNOC nebit kompaniýasynyň önümçilik işi bilen tanyşmak, şeýle hem Halifa uniwersitetiniň bilim we ylmy-barlag ugurlarynda toplan öňdebaryjy tejribesini öwrenmekden ybarat boldy. Şeýle halkara alyş-çalyşy geljekki türkmen hünärmenlerine nazary bilimlerini gymmatly amaly tejribe bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berdi.

Okuwyň dowamynda talyplar häzirki zaman nebitgaz tehnologiýalaryny hem-de energetika pudagynda emeli aňyň ulanylyşyny öwrendiler. Şeýle-de olar uniwersitetiň barlaghanalarynda öňdebaryjy önümçilik usullary bilen tanyşdylar, ýöriteleşdirilen okuw merkezlerine we muzeýlere baryp gördüler.

Maksatnama ADNOC kompaniýasynyň önümçilik desgalaryna, aerokosmos barlaghanasyna, tehniki hyzmat barlaghanasyna we 3D çap merkezine saparlary hem öz içine aldy. Mundan başga-da, ýaş hünärmenler üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, guýulary burawlamak, nebitgaz inženerligi hem-de gatlak suwuklyklarynyň häsiýetleri boýunça gysga möhletli okuwlar guraldy.

Bu sapar ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga möhüm goşant goşdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026