HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň JIÖ-i ýylyň birinji ýarymynda 6,3% artdy, tebigy gazyň çykarylyşy 39 milliard kub metrden geçdi

Iýul 11, 2026 | 06:15 |3210
10-njy iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlis Türkmenistanyň şu ýylyň birinji ýarymyndaky durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerine bagyşlandy10-njy iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlis Türkmenistanyň şu ýylyň birinji ýarymyndaky durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerine bagyşlandy
Çeşme: orient.tm

10-njy iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlis Türkmenistanyň şu ýylyň birinji ýarymyndaky durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerine bagyşlandy. Ýanwar–iýun aýlaryny öz içine alýan döwür boýunça makroykdysady görkezijiler halk hojalygynyň ähli esasy pudaklarynda durnukly ösüşine, maýa goýum işjeňliginiň ýokary derejesine we döwlet býujetiniň deňagramly alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär.

2026-njy ýylyň geçen alty aýynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň (JIÖ) ösüş depgini 6,3%-e deň boldy. Pudaklar boýunça ösüş görkezijileri aşakdaky ýaly boldy:

Ulag-aragatnaşyk pudagy: +10,4%

Söwda: +8,5%

Hyzmatlar ulgamy: +8,4%

Gurluşyk toplumy: +6,7%

Senagat: +2,7%

Oba hojalygy: +2%

Ýurtda öndürilýän önümleriň umumy möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,4% artdy. Bölek satuw haryt dolanyşygy 10,1%, daşary söwda dolanyşygy bolsa 7,5% ýokarlandy.

Senagat we nebitgaz pudaklarynda hem durnukly ösüş depgini hasaba alyndy. Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, şu ýylyň alty aýynda ýurtda 39 milliard 147,2 million kub metr tebigy gaz we 4 million 129,8 müň tonna nebit çykaryldy.

Nebiti gaýtadan işlemek we gurluşyk serişdeleri pudaklarynda önümçiligiň ep-esli artandygy hasaba alyndy. Suwuklandyrylan uglewodorod gazlarynyň öndürilişi 64,5%, nebit bitumynyň öndürilişi 39,9%, çalgy ýaglarynyň we sementiň öndürilişi bolsa 7,2% ýokarlandy. Azyk senagaty hem durnukly ösüşi görkezýär. Konditer önümleriniň öndürilişi 6,9%, şöhlat önümleriniň öndürilişi 6,7%, süýt önümleriniň öndürilişi bolsa 4% artdy.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 4,3% ýokarlanyp, JIÖ-niň 16,5%-e deň boldy. Şol bir wagtyň özünde döwlet maýa goýumlaryny paýlamakda deňagramly çemeleşmäni saklaýar. Maýa goýumlarynyň 45,1%-i önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna, 54,9 göterimi bolsa Oba milli maksatnamasynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde durmuş we medeni maksatly infrastruktura desgalarynyň gurluşygyna gönükdirildi.

Logistika pudagy ýurduň üstaşyr merkez hökmündäki ornuny ýene-de bir gezek tassyklady: ulagyň ähli görnüşleriniň ýük dolanyşygynyň möçberi 3,7%, ýolagçy dolanyşygynyň möçberi 2% artdy, aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi bolsa 15,3% ösüş görkezdi.

Oba hojalygynda bugdaý hasylynyň üstünlikli ýygnalmagy bilen bir hatarda (ösüş 11,6%), gök önümleriň önümçiligi 12,8%, ýeralmanyň önümçiligi 4,2%, azyklyk bakja önümleriniň önümçiligi bolsa 3,3% ýokarlandy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026
Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

15:23 Awgust 02, 2026