Minskde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi


9-njy iýulda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýewiň Koreýa Respublikasynyň Minsk şäherine täze bellenen ilçisi Kim Çon Ha bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyk günorta koreý tarapynyň başlangyjy bilen guraldy.
Diplomatlar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine seredip, Aşgabadyň we Seulyň söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny giňeltmäge ymtylýandygyny tassykladylar.
Söhbetdeşligiň barşynda Nazarguly Şagulyýew kärdeşini Türkmenistanyň häzirki zaman ösüşiniň esasy tapgyrlary bilen tanyşdyrdy. 2026-njy ýylyň ähmiýetine we Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna aýratyn üns berildi. Türkmenistan taryhy şanly sene bilen bagly baýramçylyga işjeň taýýarlyk görüp, giň gerimli ykdysady we durmuş özgertmeleriniň jemini jemleýär. Şu ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýär, bu bolsa milli däp-dessurlara we ösüşiň depginine wepalylygy görkezýär.
Türkmen diplomaty Aşgabadyň halkara bileleşigi üçin açyk we ygtybarly hyzmatdaş bolup galýandygyny, parahatçylyk dörediji başlangyçlaryny dünýä derejesinde yzygiderli öňe sürýändigini belledi.
Öz gezeginde Kim Çon Ha mazmunly kabul edişlik üçin minnetdarlyk bildirdi. Günorta Koreýanyň diplomatik missiýasynyň ýolbaşçysy Seulyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, hem ikitaraplaýyn görnüşde, hem-de abraýly halkara platformalarynyň çäginde hyzmatdaşlygyň netijelidigini belledi.




