Guansida suw basan fermadan 1000-e golaý ýylan gaçdy — häkimiýetler gyssagly çäre görýär
Tebigy betbagtçylyklar adaty durmuşy bozanda, diňe suw we palçyk däl, eýsem öň göze ilmeýän howplar hem ýüze çykýar. «Meýsak» taýfuny Hytaýyň günortasyna urup, garaşylmadyk netijelere sebäp boldy: Guansida suw basan fermadan 1000-e golaý ýylan daş-töwerege ýaýrady. Bu waka ýerli ýaşaýjylaryň aladasyny artdyrdy. Häkimiýetler ilatyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin gyssagly çäreleri durmuşa geçirýär, hassahanalar bolsa islendik garaşylmadyk ýagdaýa garşy ýeterlik mukdarda ýylan zäherine garşy dermanlaryň bardygyny mälim etdiler. Bu waka tebigatyň ägirt uly güýjüni ýene bir gezek ýatladýar. Şol bir wagtyň özünde, degişli gulluklaryň taýýarlygy we guramaçylykly hereketleri ýüze çykyp biljek howplary azaltmaga gönükdirilendir.
Bu waka Guansi welaýatynyň Hençžou şäherinde bolup geçdi. Güýçli ýagyşlar ýerli suw howdanynyň bendini böwsüp, töwerekdäki ýerleriň suw astynda galmagyna sebäp boldy. Deslapky hasaplamalara görä, duşenbe güni fermadan 800-den 900-e çenli ýylan gaçypdyr. Hünärmenleriň pikirine görä, olaryň aglabasy zäherli däl. Ýerli habarlara görä, oba ilatyndan bir adam ýylan tarapyndan çakylyp, oňa gyssagly lukmançylyk kömegi berilýär. Goňşy obalaryň ýaşaýjylary bolsa ýagdaýy gözegçilik astyna almak maksady bilen meýletin topar döredip, gaçan ýylanlary tutmak işine goşuldylar. Topar balyk torlaryny we beýleki enjamlary ulanyp, gaçan süýrenijileri gözlemek we tutmak boýunça işleri dowam etdirýär.
Ýylanlaryň gaçmagy bilen bagly aladalaryň döwründe Hençžou Halk hassahanasynyň dermanhanasynyň müdiri, bu hassahananyň ýylan çakmalaryny bejermek boýunça ýöriteleşdirilen merkezdigini aýdyp, esasy lukmançylyk serişdeleriniň, şol sanda ýylan zäherine garşy dermanlaryň ýeterlik mukdarda bardygyny tassyklady. Onuň bellemegine görä, esasan hem kobra ýylanlarynyň zäherine garşy serişdeler ileri tutulýan ätiýaçlyk serişdeleriniň hatarynda saklanýar we zerur ýagdaýlarda hassalara tiz kömek bermäge doly taýýarlyk görülendir.
Taýfundan zyýan çeken bu ferma lukmançylyk hem-de azyk maksatly ýylan köpeltmek bilen meşgullanýardy. Suw howdanynyň bediniň böwsülmegi netijesinde ferma suwuň astynda galdy we ýylan saklanýan ýerler güýçli suw akymyna çydaman weýrançylyga öwrüldi. Ýerli häkimiýetler bentleri berkitmek, zeper ýeten infrastrukturany dikeltmek we ejir çeken sebitlerde gözegçiligi güýçlendirmek boýunça işleri eýýäm ýola goýdy. “CCTV+”-iň habar bermegine görä, ýagdaý häzir häkimiýetleriň doly gözegçiliginde saklanýar we ilat üçin düýpli howpuň ýokdugy aýdylýar. Şeýle-de bolsa, ýaşaýjylara seresap bolmak, ýylanlara duş gelen ýagdaýynda bolsa bu barada derrew degişli gulluklara habar bermek maslahat berilýär.




