HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy çaltlaşýan inflýasiýanyň döwründe esasy göterim derejesini 3,5–3,75 göterim derejesinde saklady

Iýul 09, 2026 | 13:00 |852
Çeşme: orient.tm

Ykdysadyýet hemişe iki gapma-garşylykly ýagdaýyň arasynda deňagramlylygy saklamaga çalyşýar: göterim derejesiniň aşa pes bolmagy bahalaryň çalt ýokarlanmagyna getirýär, aşa ýokary bolmagy bolsa ykdysady ösüşi haýalladýar. Inflýasiýa maksat edinilen derejä dolanmak islemeýän, şeýle hem daşarky täsirler — Ormuz bogazynyň ýapylmagy, gümrük paçlary bilen bagly söwda gapma-garşylyklary we emeli aň tehnologiýalaryna bolan ýokary isleg sebäpli bahalaryň ýokarlanmagy dowam edýän şertlerde merkezi banklar ýagdaýyň ösüşine syn edip, garaşmak strategiýasyny saýlamaga mejbur bolýarlar.

FOMC-niň esasy göterim derejesini üýtgetmän galdyrmak baradaky karary hereketsizlik däl, eýsem ýokary näbellilik şertlerinde saýlanyp alnan garaşmak syýasatydyr.

Çarşenbe güni ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy Açyk bazar amallary boýunça komitetiň (FOMC) 16–17-nji iýunda geçirilen mejlisiniň teswirnamasyny çap etdi. Oňa görä, ähli agzalar federal gaznalar boýunça göterim derejesiniň maksatly çägini 3,5 göterimden 3,75 göterime çenli aralykda saklamak üçin ses berdiler. Mejlise gatnaşyjylar inflýasiýanyň has-da güýçlenendigini we onuň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň kesgitlän 2 göterimlik maksatly derejesinden ep-esli ýokary bolmagynda galýandygyny bellediler.

Olar esasy we umumy inflýasiýanyň ýokarlanandygyny görkezmek bilen, munuň esasy sebäpleri hökmünde gümrük paçlarynyň dowam edýän täsirlerini, Ormuz bogazynyň ýapylmagy sebäpli üpjünçilik zynjyrlarynda ýüze çykan kynçylyklary we emeli aňyň ösüşi bilen bagly käbir harytlara hem-de hyzmatlara bolan ýokary islegi görkezdiler.

FOMC mejlisiniň teswirnamasy — bu Federal ätiýaçlyk ulgamynyň ýolbaşçylarynyň arasyndaky ara alyp maslahatlaşmalaryň jikme-jik hasabatydyr. Ol her bir meýilleşdirilen mejlisden üç hepde soň çap edilýär. Bu resminama bazarlara düzgünleşdirijiniň içerki garaýyşlaryna we geljekde alyp barjak ähtimal çärelerine düşünmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda göterim derejelerini ýokarlandyrmagy wagtlaýyn togtatmak karary gapma-garşylykly ykdysady görkezijileriň döwründe kabul edilýär: bir tarapdan, inflýasiýa ýokary derejede galýar, beýleki tarapdan bolsa ykdysadyýet haýallamagyň alamatlaryny görkezýär.

Teswirnamada daşarky ýagdaýlara aýratyn üns berildi. Ormuz bogazynyň ýapylmagy (dünýä nebit üpjünçiliginiň takmynan 20 göterimi şu geçelgeden geçýär) we gümrük çäklendirmeleri üpjünçilik zynjyrlaryny durnuksyzlaşdyrmagyny dowam etdirýär. Şol bir wagtyň özünde emeli aň tehnologiýalarynyň ösmegi çiplere, elektrik energiýasyna we enjamlara bolan goşmaça islegi döredýär, bu hem bahalara täsir edýär.

“CCTV+”-iň habar bermegine görä, bazarlar bu teswirnamany Federal ätiýaçlyk ulgamynyň pul-karz syýasatyny mundan beýläk has-da berkeltmäge howlukmaýandygynyň alamaty hökmünde kabul etdiler. Şeýle-de bolsa, inflýasiýa durnukly ýagdaýda peselip başlamasa, Federal ätiýaçlyk ulgamyň göterim derejesini ýokarlandyrmak mümkinçiligini özünde saklaýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026