HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

2026-njy ýylyň iýun aýy gözegçilikleriň taryhynda dünýäde ikinji we Günbatar Ýewropada ilkinji iň yssy aýy boldy

Iýul 09, 2026 | 16:50 |127
Çeşme: orient.tm

Tebigat adamlar bilen gepleşik geçirmeýär, ol diňe biziň hereketlerimiziň netijesini howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy, gurakçylyklar we yssy tolkunlary arkaly görkezýär. 2026-njy ýylyň iýun aýy hem howanyň üýtgemegi bilen bagly ýene bir howply duýduryş boldy. Günbatar Ýewropa gözegçilikleriň taryhyndaky iň yssy aýy başdan geçirdi, dünýä boýunça bolsa temperatura görkezijileri täze rekordlary goýmagyny dowam etdirýär. Bu ýagdaý howanyň üýtgemeginiň geljekdäki däl-de, eýsem häzirki döwrüň hakykatydygyny ýene bir gezek tassyklaýar. Ortaça temperaturanyň kadaly derejeden 3 gradusdan gowrak ýokary bolmagy indi adaty bolmadyk hadysa däl, eýsem adamzadyň uýgunlaşmaly täze hakykatyna öwrülýär.

Ýewropa Bileleşiginiň «Kopernik» howanyň üýtgemegi boýunça gullugynyň maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň iýun aýy dünýä taryhda hasaba alnan ikinji iň yssy iýun aýy, Günbatar Ýewropada bolsa gözegçilikleriň başlanaly bäri iň yssy tempratura boldy. Hasabatda bellenilişine görä, aýyň dowamynda Günbatar Ýewropada rekord derejedäki yssy howa hasaba alyndy. Ortaça temperatura 20,74 gradus selsa ýetip, bu görkeziji 1991–2020-nji ýyllaryň ortaça derejesinden 3 gradusdan hem ýokary boldy we 2025-nji ýylyň iýun aýynda goýlan öňki rekorddan geçdi.

«Kopernik» gullugy iýun aýynyň ahyryndaky yssy howanyň maý aýynda bolan güýçli yssydan diňe birnäçe hepde soň ýüze çykandygyny, iýul aýynyň başynda bolsa täze yssy howanyň başlanandygyny belledi. Iýun aýyndaky aşa yssy birnäçe ýurtda aýlyk we taryhy temperatura rekordlaryny täzeledi hem-de yssy bilen baglanyşykly adam pidalarynyň köpelmegine sebäp boldy. Bu bolsa aşa yssy döwürleriň ýygylygynyň we güýçliliginiň artýandygyny görkezýär.

Dünýä derejesinde 2026-njy ýylyň iýun aýy hem gözegçilikleriň taryhyndaky ikinji iň yssy iýun aýy boldy. Ýeriň üstündäki howanyň ortaça temperaturasy 16,54 gradus selsa deň bolup, bu 1991–2020-nji ýyllaryň ortaça derejesinden 0,56 gradus ýokarydyr. Bu görkeziji diňe 2024-nji ýylyň iýun aýyndan pes boldy.

Günorta giňişligiň 60 gradusyndan demirgazyk giňişligiň 60 gradusyna çenli ummanlaryň üstki gatlagynyň ortaça temperaturasy iýun aýynda 20,86 gradus selsä ýetdi. Bu bolsa şol aý üçin gözegçilikleriň taryhyndaky iň ýokary görkezijidir. Şeýle hem bu görkeziji 2024-nji ýylda goýlan öňki rekorddan 0,01 gradus ýokary bolup, munuň bir bölegi ekwatorial Ýuwaş ummanynda güýçli El-Ninýo hadysasynyň ösmegi bilen baglanyşyklydyr.

Howa maglumatlarynyň orta möhletli çaklamalary boýunça Ýewropa merkeziniň howa strategiýasy ugrunyň ýolbaşçysy Samanta Berjess 2026-njy ýylyň iýun aýynyň howa ulgamynda ýylylygyň toplanmagynyň dowam edýändigini görkezendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, Günbatar Ýewropadaky rekord derejedäki yssy we ummanlaryň hemişe ýokary temperaturasy yssy tolkunlaryny güýçlendirdi, ummanlaryň has-da gyzmagyna getirip, adamlar, ekoulgamlar we infrastruktura üçin töwekgelçilikleri artdyrdy. Ýewropanyň «Kopernik» gullugy temperaturanyň, ygalyň we beýleki howa görkezijileriniň üýtgemelerini emeli hemralaryň maglumatlary hem-de ýerüsti gözegçilikler arkaly yzarlaýan dünýäniň öňdebaryjy howa gözegçilik guramalarynyň biridir.

2026-njy ýylyň iýun aýynyň maglumatlary parnik gazlarynyň zyňyndylary bilen baglanyşykly ählumumy ýylylygyň uzak möhletleýin dowam edýändigini tassyklaýar. Bilermenleriň duýdurmagyna görä, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça netijeli çäreler görülmese, aşa yssy howa hadysalary has ýygy gaýtalanar. "CCTV+"-iň habar bermegine görä, ummanlaryň temperaturasynyň ýokarlanmagy aýratyn alada döredýär. Bu ýagdaý deňiz ekoulgamlaryna ýaramaz täsir edýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen dizaýneri Dowil şäherindäki halkara moda görkezilişde milli lybaslar toplumyny tanyşdyrdy

Türkmen dizaýneri Dowil şäherindäki halkara moda görkezilişde milli lybaslar toplumyny tanyşdyrdy

21:45 Iýul 09, 2026
Satyn alyş hünärmeniňiz ýene-de 20 goşmaça sahypa açan bolsa, onda oňa ALSAT-daky 30 000 harydy görkeziň

Satyn alyş hünärmeniňiz ýene-de 20 goşmaça sahypa açan bolsa, onda oňa ALSAT-daky 30 000 harydy görkeziň

20:48 Iýul 09, 2026
Türkmenistanda howanyň üýtgemegi boýunça ÝUNISEF-iň ikinji Tomusky mekdebi açyldy

Türkmenistanda howanyň üýtgemegi boýunça ÝUNISEF-iň ikinji Tomusky mekdebi açyldy

20:28 Iýul 09, 2026