HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Florensiýada tomusky tejribeligini geçýärler

Iýul 10, 2026 | 23:14 |2228
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň (HYYweÖU) talyplary Italiýa sapar bilen bardylar. Tomusky okuw-tejribe sapaklary dünýäniň öňdebaryjy bilim merkezleriniň biri bolan Kent döwlet uniwersitetiniň (ABŞ) Florensiýadaky şahamçasynda geçirilýärHalkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň (HYYweÖU) talyplary Italiýa sapar bilen bardylar. Tomusky okuw-tejribe sapaklary dünýäniň öňdebaryjy bilim merkezleriniň biri bolan Kent döwlet uniwersitetiniň (ABŞ) Florensiýadaky şahamçasynda geçirilýär
Çeşme: HYYweÖU

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň (HYYweÖU) talyplary Italiýa sapar bilen bardylar. Tomusky okuw-tejribe sapaklary dünýäniň öňdebaryjy bilim merkezleriniň biri bolan Kent döwlet uniwersitetiniň (ABŞ) Florensiýadaky şahamçasynda geçirilýär.

Tejribeligiň maksatnamasy geljekki sosiologlar, žurnalistler, diplomatlar we ykdysatçylar üçin gönükdirilendir. Okuwlaryň çäginde türkmenistanly talyplar dünýä derejeli professorlaryň derslerine gatnaşýarlar; dürli ýurtlardan gelen deň-duşlary bilen bilelikdäki ylmy-barlag taslamalarynyň üstünde işleýärler; häzirki zaman halkara usulyýetlerini we ynsanperwer ugurlary öwrenýärler.

mugnir-students-summer-internship-florence-italy (2).jpg

Ýokary akademiki işjeňliginden başga-da, Ýewropanyň Galkynyş eýýamynyň ojagy bolan Florensiýa ýaş hünärmenler üçin medeni alyş-çalyş babatda uly mümkinçilikleri açýar. Okuw sagatlaryndan daşary guralýan gezelençler we dünýä sungatynyň ajaýyp eserleri bilen tanyşmak, geljekki ynsanperwer ugrunyň hünärmenlerine dünýägaraýşyny giňeltmäge we döredijilik kuwwatyny artdyrmaga kömek edýär.

Munuň ýaly okuw tejribeliginiň guralmagy HYYweÖU-niň halkara bilim giňişligine goşulyşmak strategiýasynyň bir bölegidir. Ýewropanyň esasy medeni merkezleriniň birinde talyplaryň alan tejribesi, olaryň geljekki hünär ýoly üçin berk binýat bolar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026
«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

22:11 Sentýabr 22, 2026