Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasyna interwýu berdi


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde, EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasynyň (IRIB) žurnalisti Seýýed Mohsen Hoseýniniň sowallaryna jogap berdi. Eýran tarapynyň haýyşy boýunça geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen köp ýyllaryň dowamyndaky şahsy söhbetdeşli we hyzmatdaşlygy baradaky ýatlamalaryny paýlaşdy. Şeýle-de hem iki doganlyk döwletiň strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny kesgitledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu gatnaşyklaryň taryhy ähmiýetine baha berip, Türkmenistanyň we Eýranyň diňe bir goňşy döwletler bolman, eýsem asyrlaryň dowamynda dostluk, özara ynam we birek-birege hormat goýmak gatnaşyklaryny saklap gelen doganlyk ýurtlardygyny belledi. Aýatolla Hameneýi bilen ilkinji duşuşyk 1998-nji ýylyň ýaz aýynda, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri bolup işlän döwründe bolupdy. Gurbanguly Berdimuhamedow Soňky 28 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işlän döwründe Eýranyň ruhy Lideri bilen yzygiderli şahsy dialogy dowam etdirdi. Onuň bilen geçirilen her bir duşuşyk iki halkyň bähbidine möhüm netijeleri berdi.
Döwletara gatnaşyklarda iri göwrümli infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi aýratyn orun eýeleýär. Iki halk üçin hem mynasyp durmuş ýolunyň döredijilikli zähmet bilen baglanyşyklydygyna bolan umumy düşünjeden ugur alyp, Türkmenistan bilen Eýran bilelikde awtomobil we demir ýollarynyň, köprüleriň, gaz geçirijileriň hem-de elektrik geçiriji ulgamlarynyň giň toruny döretdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri 15 ýyl döwlete baştutanlyk eden döwrüniň dowamynda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 5 milliard ABŞ dollaryndan geçendigini we onuň her ýyl durnukly ösüş görkezendigini belledi. Hyzmatdaşlygyň umumy ösüş depgini Türkmenistanyň Eýran bilen iň uzyn serhede eýedigine hem baglydyr. Bu serhet 1500 kilometrden hem uzyn bolup, Aýatolla Hameneýi ony hemişe «Biziň serhedimiz dost-doganlyk serhedidir» diýip atlandyrardy.
Dialogyň ynsanperwer ugry umumy taryhy-medeni köklere daýanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri baý golýazmalar mirasyny öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygy hem öz içine alýan bilelikdäki ylmy gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini belledi. Ýakynlaşdyrýan möhüm şertleriň biri hökmünde ol Eýranyň Gülüstan welaýatynda ýaşaýan üç milliondan gowrak türkmen diasporasyny, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlarynyň Eýranda beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň aramgähine zyýarat etmek mümkinçiligini görkezdi. Ýaş nesli terbiýelemek meselelerinde Gurbanguly Berdimuhamedow milli däp-dessurlary, özboluşly medeniýeti we ruhy gymmatlyklary gorap saklamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Onuň bellemegine görä, bu gymmatlyklar Türkmenistanyň dünýewi we demokratik ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşýar.
Türkmenistanyň häzirki zaman çylşyrymly geosyýasy ýagdaýlarynda eýeleýän orny baradaky soraga jogap berip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurduň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugrunyň üýtgewsizdigini tassyklady. Hemişelik Bitaraplyk derejesi BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen döwlet hökmünde Türkmenistan deňhukuklylyk, bähbitleriň deňagramlylygy we durnukly ösüş ýörelgelerine esaslanýan «açyk gapylar» syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirýär. Türkmen halkynyň Milli Lider sebitdäki krizis ýagdaýlarynda Türkmenistanyň hiç haçan çetde durmandygyny, serhetlerini hemişe açyk saklap, ynsanperwerlik kömegini dessine ugradyandygyny aýratyn nygtady. Aşgabadyň halkara derejede yzygiderli öňe sürýän berk garaýşy uruşda ýeňijiniň bolmaýandygyny, islendik gapma-garşylygyň diňe parahatçylykly we diplomatik usullar arkaly çözülmelidigini baradaky pikire esaslanýar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Eýran Yslam Respublikasynyň merhum ruhy Lideriniň taryhy mirasy baradaky sowala teswir berip, türkmen halkynyň Milli Lideri onuň iki taraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn berkitmäge gönükdirilen syýasatynyň häzirki döwürde hem üstünlikli dowam etdirilýändigini belledi.





