HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bilermenler: ABŞ bilen Eýranyň Dohadaky gepleşiklerine täsir edýän daşarky we içerki faktorlar

Iýul 07, 2026 | 14:00 |2902
Çeşme: orient.tm

Diplomatiýa — taraplar biri-biriniň ýüzüne seretmäge taýýar bolmadyk ýagdaýynda-da gepleşik alyp barmak sungatydyr. Gepleşikler stolunyň başyndaky garaşylýan duşuşyk araçylar arkaly habar alyşmaga öwrülende, bu ynamyň ýitirilendiginiň we düşünişmezlikleriň görnüşinden has çuňdugynyň alamatydyr. Şeýle şertlerde hatda has umytly wadalaryň hem boş söz bolup galmak we gepleşikleriň özara aýyplamalaryň uzaga çekmek töwekgelçiligi bar.

ABŞ bilen Eýranyň arasynda Dohada (Katar) çarşenbe güni geçirilmegine köpden bäri garaşylan göni gepleşikler Katar we Pakistanyň araçylygyndaky gytaklaýyn görnüşe öwrüldi. Bu ýagdaý taraplaryň arasynda ynamsyzlygyň has-da çuňlaşýandygyny we ýeňip bolmajak düşünişmezlikleriň bardygyny görkezýär. Kataryň “Al-Jazeera” teleýaýlymynyň maglumatlaryna görä, uzak möhletleýin parahatçylyga tarap öňegidişligiň alamatlary ýok. Taraplar henizem öňünden gazanylan ylalaşykda çözülendigi aýdylan meseleler boýunça jedellerde galýarlar.

17-nji iýulda ABŞ bilen Eýran uzak aralyk arkaly özara düşünişmek baradaky ähtnama gol çekdiler we iň köp 60 günüň dowamynda gutarnykly ylalaşyga gelmäge borçlandylar. Emma gol çekişlikden birnäçe gün soň taraplar ýene-de söweş hereketlerine dolandylar. Hytaýly bilermenler durnuksyz gapma-garşylyklaryň dowam etmeginiň ähtimallygyny duýdurdylar. Ninsýa uniwersitetiniň ýanyndaky Hytaý-arap ylmy-barlag institutynyň dekany Nýu Sinçun iki tarapyň hem özüni ýeňiji edip görkezmek isleýändigini belledi: iki tarapyň hem özüni ýeňiji hökmünde görkezmek isleýändigini belledi. Emma taraplaryň berk garaýyşlary köp babatda içerki köpçülige gönükdirilendir.

Fudan uniwersitetiniň Ýakyn Gündogar boýunça ylmy-barlaglary merkeziniň direktorynyň orunbasary Çžan Çuçu hem ABŞ-nyň dartgynly ýagdaýyň çözgütsiz galmagyny islemeýändigini belledi. Tähran üçin esasy talap — ähli ugurlarda gapma-garşylykly herketleri bes etmekdir. Taraplaryň ikisi-de tapgyrlaýyn çemeleşmäni kabul edip biler, emma bu proses hemişe täze öwrümler we üýtgeşmeler bilen utgaşar.

Tapawutly garaýyşlara garamazdan, seljerijiler giň gerimli gapma-garşylykly hereketleriň ýüze çykmak ähtimallygyny pes hasaplaýarlar. ABŞ üçin saýlawlaryň öňüsyrasynda diplomatik ýeňiş gazanmak möhümdir, Eýran üçin bolsa doňdurylan aktiwleriň açylmagy we sanksiýalaryň aýrylmagy esasy maksatlardyr. Emma 60 günlük möhletiň üçden bir bölegi diýen ýaly geçdi, şol bir wagtyň özünde esasy meseleler henizem çözülmän galýar.

“CCTV+”-iň habar bermegine görä, synçylar ýakyn hepdelerde taraplaryň gepleşikler üçin mümkinçilikleri öwrenmegi dowam etdirjekdigine garaşýarlar, emma düýpli öňegidişligiň bolmagyna garaşylmaýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

19:59 Iýul 28, 2026
Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

19:56 Iýul 28, 2026
ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

16:30 Iýul 28, 2026