Türkmenistanyň ilçisi Saud Arabystanynyň Ylmy merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Iýul 07, 2026 | 13:00 |270


6-njy iýulda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Ylmy-barlag we gözlegler merkeziniň başlygy Ýahýa Junaýidyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ylym we gözleg ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegiň ýollary barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem ylym ugry boýunça hyzmatdaşlygy berkitmeklige we ösdürmeklige bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmegiň ähmiýeti barada belläp geçdiler.
ORIENT






