Ýewropa howany sowadyjy enjamlarsyz yssylara taýyn bolmady


Ýewropa şu tomus yklymyň birnäçe ýurduna täsir eden adatdan daşary yssylar bilen ýüzbe-ýüz bolmagyny dowam etdirýär. "The Guardian" neşiriniň habar bermegine görä, ýokary temperaturalar howany sowadyjy enjamlaryň (kondisionerleriň) elýeterliligi we energetika infrastrukturasynyň artýan agramlara taýynlygy baradaky çekişmeleri güýçlendirdi.
Bu mesele, esasanam, kondisionerleriň köp öýlerde seýrek duş gelýän Germaniýada ýiti ara alnyp maslahatlaşylýar. Bilermenleriň maglumatlaryna görä, ýurduň ýaşaýjylarynyň bary-ýogy 6%-e golaýynyň öýlerinde sowadyjy ulgamlar bar. Ýylyň dowamly yssy tolkunlarynyň fonunda bu tema garry adamlar we ilatyň beýleki ejiz gatlaklary üçin has möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri, ilkinji nobatda, jemgyýetçilik we durmuş maksatly desgalarda — hassahanalarda, garrylar öýlerinde, mekdeplerde, çagalar baglarynda we jemgyýetçilik ulaglarynda sowadyjy ulgamlary giňeltmegi goldaýarlar. Ýurduň köp syýasy güýçleri bu çemeleşmäni goldaýan hem bolsalar, ekologik maksatlary we energiýa sarp edilişini nazara almak zerurlygy sebäpli çekişmeler dowam edýär.
Syýasy partiýalar hem yssy howa temasyny jemgyýetçilik çekişmelerinde işjeň ulanýarlar. Hususan-da, "Germaniýa üçin alternatiwa" partiýasy şu ýyl ýokary temperaturalar şertlerinde ilatyň rahatlygyna we howpsuzlygyna ünsi çekip, kondisionerleriň has giňden ulanylmagyny goldaýar.
Ýewropadaky çekişmeleriň fonunda, bu ýagdaý kondisionerleriň köpden bäri öý rahatlygynyň standarty hasaplanýan ABŞ-da hem işjeň ara alnyp maslahatlaşylýar. Amerikaly çeşmeleriň çaklamalaryna görä, ýurduň ýaşaýyş jaýlarynyň takmynan 90%-inde sowadyjy ulgamlar oturdylan, bu bolsa Ýewropanyň görkezijileri bilen düýpli tapawutlanýar.
Şol bir wagtyň özünde, Günorta Ýewropanyň birnäçe ýurdunda kondisionerleri ulanmak çalt depgin bilen artýar. Soňky ýyllarda Italiýada, Ispaniýada we Fransiýada, esasanam yssylaryň has dowamly bolýan günorta sebitlerinde sowadyjy ulgamly öýleriň sany ep-esli köpeldi.
Bilermenler Ýewropa häkimiýetleriniň seresaply çemeleşmeginiň esasy sebäplerinden biriniň energiýa ulgamyna düşýän ýokary agramdygyny belleýärler. Kondisionerleriň köpçülikleýin ulanylmagy elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň artmagyna we infrastruktura goşmaça basyşyň döremegine getirip biler.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) bahalandyrmagyna görä, ekstremal yssy Ýewropa ilatynyň saglygy üçin düýpli töwekgelçilik faktory bolmagynda galýar. Şol bir wagtyň özünde hünärmenler gysga möhletli sowadyş çärelerini uzak möhletli çözgütler — binalaryň ýylylyk izolýasiýasyny gowulandyrmak, ýaşyl zolaklary ösdürmek, kölege beriji ulgamlary gurmak we jemgyýetçilik sowadyş ýerlerini döretmek bilen utgaşdyrmagyň zerurdygyny nygtaýarlar.
BSGG-niň Ýewropa edarasynyň başlygy Hans Klýuge: "Ýewropadaky maýa goýumlaryň ep-esli bölegi diňe bir mehaniki sowadyşa däl, eýsem kölege bermek, ýylylyk izolýasiýasy we sowadyş merkezleri ýaly uzak möhletli çözgütlere gönükdirilýär" diýip belledi.






