Kappadokiýa Atçylyk medeniýeti we atlar festiwaly bilen öz atçylyk mirasyny dabaralandyrýar


Kappadokiýa Türkiýäniň dünýä belli syýahatçylyk merkezleriniň biri bolup, özboluşly «erteki tüsseçykarlary», gowak myhmanhanalary, ýerasty şäherleri we daň atanda howa şarlarynda uçuşlardan başlap dürli syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen meşhurdyr. 2025-nji ýylda bu sebit 4,5 milliondan gowrak syýahatçyny kabul edip, Türkiýäniň medeni syýahatçylygy boýunça öňdebaryjy ugurlarynyň biri hökmündäki ornuny has-da berkitdi. Ajaýyp tebigy gözelliklerinden başga-da, Kappadokiýa myhmanlaryna köp sanly täsin ýadygärlikleri we gaýtalanmajak ýerli öwüşgini hödürleýär.

Sebitiň täsin jülgelerini we özboluşly tebigatyny synlamagyň iň meşhur usullarynyň biri at üstünde gezelenç etmekdir. Gadymy döwürlerden bäri «ajaýyp atlaryň ýurdy» diýlip tanalýan Kappadokiýa özüniň baý atçylyk däplerini häzirki wagtda hem ösdürmegi dowam etdirýär. 2026-njy ýylyň 3–5-nji iýuly aralygynda Göreme festiwal meýdançasynda geçirilen II Halkara Kappadokiýa Atçylyk medeniýeti festiwaly hem munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

«Atçylyk medeniýetine we mirasyna» bagyşlanan üç gün
«Ajaýyp atlaryň ýurdy» diýlip tanalýan Kappadokiýa adam bilen aty birleşdirýän köp asyrlyk gatnaşyga bagyşlanan festiwaly geçirmek üçin iň amatly ýerleriň biridir. Üç günüň dowamynda myhmanlar Türkiýeden we daşary ýurtlardan gelen ussatlaryň gatnaşmagynda geçirilen däp bolan hem-de döwrebap atçylyk çykyşlaryna, atly ýaýdan ok atmak, atly çykyşlar we milli at çapyşyklary ýaly ýaryşlara tomaşa etdiler.
Sport ýaryşlary bilen bir hatarda festiwalyň çäginde atçylyk medeniýetiniň dürli siwilizasiýalardaky taryhy we ösüşine bagyşlanan sergiler, leksiýalar hem-de panel çekişmeleri geçirildi. Kappadokiýanyň täsin tebigatynda guralan konsertler we janly çykyşlar festiwalyň baýramçylyk ruhuny has-da baýlaşdyryp, dünýäniň dürli künjeklerinden gelen myhmanlara ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlady.
Mundan başga-da, festiwalyň maksatnamasynda çagalar üçin oýun meýdançalary, ýolbeletler bilen at gezelençleri, däp bolan jirit (naýza zyňmak) ýaryşlary we atlaryň gözellik bäsleşikleri ýaly köp sanly gyzykly çäreler geçirildi.
Myhmanlar Michelin gollanmasyna girizilmegi bilen halkara derejede ykrar edilen Newşehir sebitiniň özboluşly tagamlary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Kappadokiýa barada esasy maglumatlar
Gözel ýerler: Kappadokiýanyň gaýalara oýulan ybadathanalaryny, gadymy gowak ýaşaýyş jaýlaryny we täsin ýerasty şäherlerini, şol sanda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Göreme açyk asman astyndaky muzeýini görüň.
Dynç alyş: Pyýada ýa-da welosipedli syýahat ediň, medeni ussatlyk sapaklaryna gatnaşyň we Kappadokiýanyň meşhur «erteki tüsseçykarlaryny» guş belentlikden synlamaga mümkinçilik berýän howa şarynda ýatdan çykmajak uçuşlary amala aşyryň.

Ýaşaýyş: Taryhy gurşawy ýokary derejeli hyzmat, dünýä ülňülerindäki sagaldyş merkezleri we ajaýyp rahatlyk bilen utgaşdyrýan kaşaň gowak myhmanhanalarynda dynç alyň.
Tagamlar: Michelin ýyldyzly restoranlarda sebitiň milli tagamlaryny dadyp görüň, köp asyrlyk aşpezçilik we çakyrçylyk däplerine esaslanýan Kappadokiýanyň meşhur tagamlary we ýerli çakyrlary bilen özboluşly gastronomik syýahata çykyň.
ORIENT






