Gün energiýasy oba ýerlerindäki saglygy goraýyş ulgamynyň hyzmatynda — Ýolöten şäherinde täze taslama amala aşyryldy


Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde Mary welaýatynyň Ýolöten şäheriniň etrap hassahanasynda iki sany gün fotoelektrik ulgamyny gurnamak boýunça synag taslamasyny üstünlikli tamamlady.
Bu ädim saglygy goraýyş ulgamynyň ilkinji basgançagyny täzelenýän energiýa çeşmelerine geçirmek boýunça dünýä strategiýasynyň bir bölegidir. Awtonom elektrik üpjünçiligi umumy elektrik ulgamynda näsazlyk ýüze çykan ýagdaýynda hem ýokary tehnologiýaly lukmançylyk enjamlarynyň, operasiýa otaglarynyň we sanjymlary saklamak üçin niýetlenen sowadyjylaryň üznüksiz işlemegini üpjün eder.
Ýolötende durmuşa geçirilen taslama geljekde ýurdumyzyň beýleki saglygy goraýyş edaralaryny döwrebaplaşdyrmak üçin nusga bolup hyzmat etmegi maksat edinýär. Ekologiýa taýdan arassa çözgütleriň ornaşdyrylmagy häzirki zaman tehnologiýalarynyň näsaglara edilýän lukmançylyk hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmaga hem-de tebigy serişdeleri tygşytly peýdalanmaga ýardam berýändigini görkezýär.
Türkmenistanda güneşli günleriň köplügini nazara alyp, täzelenýän energiýa çeşmeleriniň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ähli durmuş infrastrukturasy üçin uzak möhletli mümkinçilikleri açýar.






