HYYweÖU-nyň mugallymlary Merkezi Aziýanyň iň gowy mugallymlarynyň hataryna girdi


Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň (HYYweÖU) iki mugallymy sebit derejesinde uly üstünlik gazandy. Mugallymlar Gözel Pirmuhamedowa we Musa Ýazymow abraýly «Merkezi Aziýanyň iň gowy mugallymy» atly halkara bäsleşiginiň ýeňijileriniň hataryna girmegi başardylar.
Jemleýji saýlama tapgyrynyň netijeleri boýunça türkmen hünärmenlerine bäsleşigiň iň ýokary sylaglary – ýörite diplomlar, şahadatnamalar, ýadygärlik kuboklary we hormat nyşanlary gowşuryldy.
Giň gerimli bilim taslamasynyň guramaçylary hökmünde Gazagystan Respublikasynyň «Жаңа Қазақстан» innowasion merkezi hem-de «Bilim orkenieti» milli innowasion ylmy-barlag merkezi çykyş etdi. HYYweÖU-iň wekilleriniň Merkezi Aziýa derejesindäki bu üstünligi ýurdumyzyň akademiki mekdebiniň ýokary bäsdeşlige ukyplydygyny aýdyň görkezýär.
Gözel Pirmuhamedowa bilen Musa Ýazymow gündelik mugallymçylyk işlerinde öňdebaryjy interaktiw usullary we bilimiň häzirki zaman ülňülerini işjeň ulanýarlar. Bu bolsa uniwersitete sebitde ýokary hilli bilim syýasatynyň kemala gelmegine işjeň goşant goşmaga mümkinçilik berýär.






