HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda telekeçileri, hünärmenleri, talyplary we döredijilik adamlaryny birleşdirýän täze Bilelik Hub döredijilik merkezi açyldy

Iýul 01, 2026 | 16:32 |2186
Bilelik Hub adaty koworking giňişliginden has köp mümkinçilikleri hödürleýär. Bu işlemek, aragatnaşyk saklamak, bilim almak we ösüş üçin niýetlenen köpugurly merkezdir. Bu ýerde açyk iş meýdançasy (open space), gepleşik otaglary, sungat studiýasy, okalga zolagy we dürli derejedäki, şol sanda halkara çärelerini geçirmek üçin häzirki zaman maslahatlar zaly döredildiBilelik Hub adaty koworking giňişliginden has köp mümkinçilikleri hödürleýär. Bu işlemek, aragatnaşyk saklamak, bilim almak we ösüş üçin niýetlenen köpugurly merkezdir. Bu ýerde açyk iş meýdançasy (open space), gepleşik otaglary, sungat studiýasy, okalga zolagy we dürli derejedäki, şol sanda halkara çärelerini geçirmek üçin häzirki zaman maslahatlar zaly döredildi
Çeşme: ORIENT.TM

Bilelik Hub adaty koworking giňişliginden has köp mümkinçilikleri hödürleýär. Bu işlemek, aragatnaşyk saklamak, bilim almak we ösüş üçin niýetlenen köpugurly merkezdir. Bu ýerde açyk iş meýdançasy (open space), gepleşik otaglary, sungat studiýasy, okalga zolagy we dürli derejedäki, şol sanda halkara çärelerini geçirmek üçin häzirki zaman maslahatlar zaly döredildi.

Merkeziň esasy aýratynlyklarynyň biri hyzmatlary onlaýn sargyt etmek we tölemek ulgamydyr. Rezidentler we myhmanlar jaň etmezden ýa-da merkeze barmazdan, otaglaryň elýeterliligini özbaşdak barlap, laýyk giňişligi saýlap, ony onlaýn sargyt edip hem-de nagt däl görnüşde töleg geçirip bilýärler. Şeýle hem şahsy otag we beýleki sanly hyzmatlar hödürlenýär, bu bolsa merkezdäki işi has amatly edýär.

Merkeze gelýänleriň rahatlygy üçin ähli şertler döredildi. Bu ýerde kafe, häzirki zaman türgenleşik enjamlary bilen enjamlaşdyrylan fitnes burçy we dynç almak hem-de erkin söhbetdeşlik etmek üçin giň eýwan bar.

Ilkinji rezidentler üçin aýratyn teklip göz öňünde tutuldy — merkeziň işleýän ähli döwründe ähli hyzmatlara ömürlik 20 göterim arzanladyş berilýär. Mundan başga-da, rezidentler kofe bilen garşy alynar we tejribeli hünärmen tarapyndan mugt hukuk maslahatyny almak mümkinçiligi bolar.

Bilelik Hub diňe bir giňişlik däl. Bu pikirleriň döreýän, täze taslamalaryň amala aşyrylýan we hyzmatdaşlyk, döredijilik hem-de ösüş üçin täze mümkinçilikleriň açylýan jemgyýetidir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026
Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

15:23 Awgust 02, 2026