Aşgabatda iň gowy suratkeşler sylaglanyldy we eýran aşhanasy baradaky kitap tanyşdyryldy


1-nji iýulda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde türkmen-eýran dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda «Eýran we Türkmenistanyň dostlugy hem-de doganlygy — umumy taryhyň, medeniýetiň, sungatyň we mirasyň aýnasynda» atly surat bäsleşiginiň jemleri jemlenildi, şeýle hem «Bereketli eýran desterhany kitabyndan saýlanan tagamlar» atly kitabyň türkmen diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärä Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, medeniýet boýunça geňeşçi Abdolreza Abbasi, Pakistanyň we Gyrgyzystanyň diplomatlary, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň ýolbaşçylary, şeýle hem Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Surat bäsleşigine Aşgabatdan, Balkan, Lebap we Mary welaýatlaryndan ussatlar hem-de höwesjeňler tarapyndan 50-den gowrak eser hödürlenildi. Eminler toparyna Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow ýolbaşçylyk etdi. Gatnaşyjylar hünärmenler we höwesjeňler diýen iki ugur boýunça bahalandyryldy. Her toparda üç ýeňiji kesgitlenip, iň oňat döredijilik pikiri üçin iki ýörite baýrak gowşuryldy. Ähli ýeňijilere diplomlar we pul baýraklary berildi.

Çäräniň täsirli pursatlarynyň biri hem Ajap Igliýewa we Dünýägözel Berdigylyjowa tarapyndan türkmen diline terjime edilen aşpezlik kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy. Neşir 10 mowzuklaýyn bölümden ybarat bolup, eýran milli aşhanasynyň 100-den gowrak tagamynyň taýýarlanyş usulyny öz içine alýar. Şeýlelikde, ol türkmen okyjylaryny gündogar aşpezliginiň özboluşly däpleri bilen tanyşdyrýar. Tanyşdyryş mowzuklaýyn wideoşekil bilen utgaşdyryldy. Çäre bäsleşige hödürlenen suratlaryň sergisi we baýramçylyk saçagy bilen tamamlandy.
ORIENT






