HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyplary Russiýada we Günorta Koreýada dil tejribesini geçýärler

Iýul 04, 2026 | 14:45 |589
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty halkara akademiki gatnaşyklaryny işjeň giňeldýärDöwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty halkara akademiki gatnaşyklaryny işjeň giňeldýär
Çeşme: education.gov.tm

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty (TMDDI) halkara akademiki hyzmatdaşlygyny işjeň giňeldýär. Institutyň iň gowy talyplaryndan ybarat iki topar daşary ýurtlarda dil we hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek maksady bilen tejribe okuwlaryna ugradyldy.

Birinji topar — rus dili we edebiýaty fakultetiniň ikinji ýyl talyplaryndan ybarat 18 talyp Moskwa bardy. Geljekki filologlar Russiýanyň Bilim ministrliginiň we «Meniň taryhym» gaznasynyň goldawy bilen Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersiteti tarapyndan taýýarlanan 72 akademiki sagatlyk intensiw okuw maksatnamasyna gatnaşýarlar. 5-nji iýula çenli dowam etjek maksatnama sözleýiş medeniýeti we diliň taryhy boýunça öňdebaryjy rus alymlarynyň umumy sapaklaryny, şeýle hem giň medeni maksatnamany öz içine alýar. Bu tejribä gatnaşmak üçin talyplar synag we höweslendiriji audioçykyşlaryň bäsleşiginden ybarat iki tapgyrly saýlamadan üstünlikli geçdiler.

студенты проходят стажировку в Южной Корее

Şol bir wagtyň özünde gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň iň gowy alty talyby Günorta Koreýanyň Çhunçhon şäherine ugrady. Olar 2026-njy ýylyň 29-njy iýunyndan 6-njy iýulyna çenli Kangwon milli uniwersitetinde okuw tejribesini geçýärler. Bu maksatnama koreý dilini çuňňur öwrenmäge, gepleşik başarnyklaryny ösdürmäge we Gündogar halklarynyň däp-dessurlary bilen tanyşmaga gönükdirilendir. Geljekde bu hyzmatdaşlyk iki ýokary okuw mekdebine sanly mümkinçilikleri birleşdirip, elektron okuw gollanmalaryny bilelikde taýýarlamaga şert döreder.

TMDDI-niň ýolbaşçylygy şeýle akademiki hereketlilik maksatnamalarynyň geljekki hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrýandygyny hem-de Türkmenistanyň Russiýa we Koreýa Respublikasy bilen dostlukly ylmy-ynsanperwer gatnaşyklaryny has-da berkitýändigini belleýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ankarada NATO-nyň 36-njy sammiti başlandy, howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi

Ankarada NATO-nyň 36-njy sammiti başlandy, howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi

18:00 Iýul 07, 2026
Fujifilm retro stiline bolan gyzyklanmanyň artmagy bilen täze bir gezek ulanylýan foto enjamlaryny çykarýar

Fujifilm retro stiline bolan gyzyklanmanyň artmagy bilen täze bir gezek ulanylýan foto enjamlaryny çykarýar

13:25 Iýul 07, 2026
Türkmenistanyň ilçisi Saud Arabystanynyň Ylmy merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Saud Arabystanynyň Ylmy merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

13:00 Iýul 07, 2026