Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary Daşkentde önümçilik okuw tejribesini geçýärler


22-nji iýundan 4-nji iýul aralygynda S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygyň mehanizasiýasy fakultetiniň talyplary Özbegistanda okuw-önümçilik tejribesini geçýärler. Iki hepdelik tejribe Oba hojalygynyň irrigasiýasy we mehanizasiýasy inženerleri Daşkent institutynyň binýadynda guraldy. Saparyň esasy maksady oba hojalygynda we suw hojalygy pudaklarynda ulanylýan innowasion tehnologiýalary özleşdirmekden ybaratdyr.
Daşkendiň görnükli professorlary türkmen talyplary üçin baý okuw maksatnamasyny taýýarladylar. Geljekki hünärmenler umumy sapaklarda howanyň üýtgemeginiň oba hojalyk ýerlerine ýetirýän täsirini, FAO-nyň suwarmak usullaryny, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary, şeýle hem geomaglumat ulgamlaryň (GIS) we Ýeri uzakdan zondirlemek tehnologiýalarynyň ulanylyşyny öwrenýärler. Institutyň döwrebap barlaghanalarynda talyplar topragyň fiziki we mehaniki häsiýetlerini özbaşdak barlap, oba hojalyk tehnikalarynda ulanylýan häzirki zaman GPS ulgamlaryny synagdan geçirýärler.
Tejribäniň dowamynda amaly taýýarlyga aýratyn üns berilýär. Talyplar Özbegistanyň «UzGIP» taslama institutyna, «AGROMAX TEXNIC» kompaniýasyna hem-de Oba hojalyk tehnikalaryny synagdan geçirmek boýunça Respublikan merkezine baryp görýärler. Mundan başga-da, ýaşlar üçin Daşkendiň medeni merkezlerine we muzeýlerine gezelençler guraldy.
Bu tejribe 2018-nji ýylda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk barada ylalaşygyň çäklerinde her ýyl geçirilýän akademiki alyş-çalyş maksatnamasynyň bir bölegidir. Ozal, maý aýynda özbek talyplary hem Aşgabatda şunuň ýaly önümçilik okuw tejribesini geçipdiler. Şeýle özara maksatnamalar oba senagat toplumy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem-de Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär.
ORIENT






