HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Aeroflot» «Belavia» bilen bilelikde bitewi petekleri Türkmenistan ugruna satuwa çykardy

Iýul 04, 2026 | 21:50 |5601
«Aeroflot» «Belavia» belarus awiakompaniýasy bilen interlaýn ylalaşygynyň çäklerinde awiapetekleriň satuwyna başlady«Aeroflot» «Belavia» belarus awiakompaniýasy bilen interlaýn ylalaşygynyň çäklerinde awiapetekleriň satuwyna başlady
Çeşme: rbc.ru

«Aeroflot» «Belavia» belarus awiakompaniýasy bilen interlaýn ylalaşygynyň çäklerinde awiapetekleriň satuwyna başlady. Indi ýolagçylar Minsk arkaly Gruziýa, Ysraýyla we Türkmenistana bir bitewi petek bilen syýahat edip bilerler diýip, Russiýanyň awiakompaniýasy habar berdi.

Ylalaşyga laýyklykda, ýolagçylar Minskiň üsti bilen Tbilisi, Kutaisi, Batumi, Tel-Awiw we Türkmenbaşy şäherlerine bir bitewi petek esasynda uçarlar. Moskwa bilen Minskiň arasyndaky gatnawlary «Aeroflot», Minskden soňky uçuşlary bolsa «Belavia» amala aşyrar diýip, habarda aýdylýar.

Şeýle hem bu ylalaşyk Minskden, Gomelden, Brestden we Mogilýowdan Moskwa ýa-da Sankt-Peterburga, ol ýerden bolsa «Aeroflotyň» ugurlar torundaky beýleki şäherlere dowam etdirilýän gatnawlary hem öz içine alýar. Belarus bilen Russiýanyň arasyndaky uçuşlary «Belavia», soňraky gatnawlary bolsa «Aeroflot» ýerine ýetirer.

Petekleri goşly ýa-da goşsuz nyrhlar boýunça satyn almak mümkin. Emma Türkmenistana we Türkmenistandan amala aşyrylýan uçuşlar üçin diňe goşly nyrhlar elýeterlidir. Hasaba alyş ähli ugur boýunça bir gezekde amala aşyrylar. Ýolagçylar goşlaryny ahyrky barjak nokadyna çenli tabşyryp, Minskdäki we birleşdiriji uçuşlar üçin ähli münüş talonlaryny bir wagtda alyp bilerler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026
Türkiýede tebigatyň we ekstremal dynç alşyň merkezi: Erzinjan sebiti

Türkiýede tebigatyň we ekstremal dynç alşyň merkezi: Erzinjan sebiti

17:44 Oktýabr 13, 2026
Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

22:55 Oktýabr 12, 2026