HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatly mekdep okuwçylary «Öz Watanyň barada dünýä gürrüň ber» atly halkara bäsleşiginde ýeňiji boldular

Iýul 06, 2026 | 16:53 |2951
Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus bilelikdäki umumy orta mekdebiniň okuwçylary Gordeý Wlasenko we Milana Farsiýans iri halkara bäsleşikde ýeňiji boldular. Bu bäsleşik Russiýa Federasiýasynyň Bilim ministrliginiň şu okuw ýyly üçin esasy bilim çäreleriniň sanawyna girizilip, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we ýaşlary dürli ýurtlaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendirAşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus bilelikdäki umumy orta mekdebiniň okuwçylary Gordeý Wlasenko we Milana Farsiýans iri halkara bäsleşikde ýeňiji boldular. Bu bäsleşik Russiýa Federasiýasynyň Bilim ministrliginiň şu okuw ýyly üçin esasy bilim çäreleriniň sanawyna girizilip, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we ýaşlary dürli ýurtlaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir
Çeşme: cic-edu.ru

Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus bilelikdäki umumy orta mekdebiniň okuwçylary Gordeý Wlasenko we Milana Farsiýans iri halkara bäsleşikde ýeňiji boldular. Bu bäsleşik Russiýa Federasiýasynyň Bilim ministrliginiň şu okuw ýyly üçin esasy bilim çäreleriniň sanawyna girizilip, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we ýaşlary dürli ýurtlaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.

Daşary ýurtlardaky rus mekdepleriniň assosiasiýasyna agza bolan Aşgabatdaky mekdep bäsleşige 18 töweregi döredijilik işini hödürledi. Şolardan ikisi bilermenler topary tarapyndan iň täsirli taslamalar hökmünde ykrar edildi.

ashgabat-pushkin-school-students-win-international-contest (2).jpeg

Ýeňijileriň halypasy, mekdebiň terbiýeçilik işleri boýunça direktorynyň orunbasary Ýelena Ter-Semýonowa baýrakly taslamalaryň mazmuny barada gürrüň berdi. Gordeý Wlasenkonyň taslamasy öz bilim alýan mekdebine bagyşlanyp, onuň köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda dostlugyň we medeni dialogyň berk köprüsi bolup hyzmat edýändigini beýan edýär.

Milana Farsiýansyň taslamasy bolsa halkara tomaşaçylaryna Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän meşhur A.S. Puşkin adyndaky seýilgähiň taryhy we özboluşly ruhy barada gürrüň berýär.

ashgabat-pushkin-school-students-win-international-contest (3).jpeg

Bilim edarasynyň ýolbaşçylygynyň bellemegine görä, şeýle halkara meýdançalara gatnaşmak okuwçylara milli medeni mirasy dünýä tanatmaga, dürli ýurtlardan bolan deň-duşlary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de özara hormat goýmak gymmatlyklaryny wagyz etmäge giň mümkinçilik döredýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Moskwa «Dutaryň owazlary» atly X halkara festiwalynyň çäklerinde ylmy maslahaty kabul eder

Moskwa «Dutaryň owazlary» atly X halkara festiwalynyň çäklerinde ylmy maslahaty kabul eder

23:26 Iýul 11, 2026
«Ashgabat Mall» — söwda we dynç alyş üçin iň iri hem-de iň döwrebap merkezleriň biri (wideo)

«Ashgabat Mall» — söwda we dynç alyş üçin iň iri hem-de iň döwrebap merkezleriň biri (wideo)

21:00 Iýul 11, 2026
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy, ýöne ýaraşygyň tamamlanandygyny yglan etdi

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy, ýöne ýaraşygyň tamamlanandygyny yglan etdi

20:00 Iýul 11, 2026