HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eýran ýokary ruhy Lideri bilen hoşlaşýar: matam çäreleri üç şäherde geçiriler

Iýul 04, 2026 | 19:50 |591
Çeşme: orient.tm

Anna güni Tähranda merhum ruhy Lider Aýatolla Saýed Ali Hameneýi bilen hoşlaşyk matam çäresi geçirildi. Dabara Eýranyň ýokary derejeli döwlet ýolbaşçylary we resmileri gatnaşdy. Olaryň arasynda Prezident Masud Pezeşkian, Kazyýet häkimiýetiniň başlygy Golam-Hosseýn Mohseni-Ejeýi, Parlamentiň başlygy Mohammad Bager Galibaf hem-de Daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçi bar.

Resmi meýilnama laýyklykda, ýakyn günlerde ýurduň dürli ýerlerinde birnäçe matam we hoşlaşyk çäresi geçiriler. Eýranyň Içeri işler ministriniň orunbasary we jaýlanyş dabaralaryny guramak boýunça ştabyň başlygy Ali Akbar Purjamşidianyň aýtmagyna görä, anna günündäki ilkinji hoşlaşyk dabarasyndan soň, şenbe we ýekşenbe günleri Tährandaky Mosalla toplumynyň Ymam Homeýni adyndaky metjidinde matam çäreleri geçiriler.

Duşenbe güni bolsa Tähranda giň gerimli jaýlanyş ýörişi guralar. Eýranyň paýtagty duşenbe güni geçiriljek köpçülikleýin jaýlanyş ýörişine taýýarlyk görýär. Çärä takmynan 15 million adamyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şol gün Tähranyň ähli jemgyýetçilik ulaglary mugt hyzmat eder, metro bolsa gije-gündiz işlär. Şäheriň merkezi bölegi ulag hereketi üçin doly ýapylar, diňe pyýadalara hereket etmäge rugsat berler. Howpsuzlygy üpjün etmek işi Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusyna (IRGC) ynanyldy.

Tährandaky çärelerden soň, 7-nji iýulda Kum şäherinde merhum Ali Hameneýini we onuň maşgala agzalaryny bilen hoşlaşyk matam ýörişi geçiriler. Ahyrky jaýlanyş dabarasy bolsa 9-njy iýulda Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky mukaddes şäher bolan Meşhetde, merhumyň dogduk mekanynda geçiriler.

Ali Hameneýi 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda Tähranda aradan çykdy. Mart aýynda onuň ogly Mojtaba Hameneýi täze ýokary ruhy Lider wezipesine saýlandy.

"CCTV+"-iň habar bermegine görä, halkara jemgyýetçiligi häkimiýetiň geçiş döwründe geçirilýän bu matam çärelerine üns bilen syn edýär. Bu çäreler Eýranyň döwlet dolandyryşynyň guramaçylykly alnyp barylýandygyny görkezýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Aeroflot» «Belavia» bilen bilelikde bitewi petekleri Türkmenistan ugruna satuwa çykardy

«Aeroflot» «Belavia» bilen bilelikde bitewi petekleri Türkmenistan ugruna satuwa çykardy

21:50 Iýul 04, 2026
Ýewropa Komissiýasy kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin sosial ulgamlaryň ulanylmagyny gadagan etmegi meýilleşdirýär

Ýewropa Komissiýasy kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin sosial ulgamlaryň ulanylmagyny gadagan etmegi meýilleşdirýär

20:03 Iýul 04, 2026
Eýran ýokary ruhy Lideri bilen hoşlaşýar: matam çäreleri üç şäherde geçiriler

Eýran ýokary ruhy Lideri bilen hoşlaşýar: matam çäreleri üç şäherde geçiriler

19:50 Iýul 04, 2026