HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HMD emeli aňly we wideo jaňly täze Nokia düwmeli telefonlaryny tanyşdyrdy

Iýul 04, 2026 | 16:51 |949
“HMD Global” kompaniýasy dört täze telefony tanyşdyrdy: “Nokia 200 4G”, “Nokia 210 4G”, “Nokia 215 4G” we “Nokia 235 4G”“HMD Global” kompaniýasy dört täze telefony tanyşdyrdy: “Nokia 200 4G”, “Nokia 210 4G”, “Nokia 215 4G” we “Nokia 235 4G”
Çeşme: Nokia

HMD Global kompaniýasy dört sany täze düwmeli telefonyny — Nokia 200 4G, Nokia 210 4G, Nokia 215 4G we Nokia 235 4G modellerini hödürledi. Täze nusgalaryň esasy aýratynlygy içerki emeli aňyň ornaşdyrylmagy we häzirki zaman mümkinçilikleriniň goldanylmagydyr.

Täze telefonlaryň ählisi Xpress messenjeri we wideo jaňlary amala aşyrmak üçin öň kamerasy bilen enjamlaşdyryldy. Emeli aň esasynda işleýän ses kömekçisi gelýän jaňlara özbaşdak jogap berip, el çyrasyny ýakyp ýa-da jaň sagadyny sazlap bilýär. Şeýle hem telefonlarda habarlar, howa maglumaty we gysga wideo şekiller üçin bulut esasly mini-goşundylar elýeterlidir.

Nokia 215 we Nokia 235 4G modelleri 2,8 dýuýmlyk ekran bilen, Nokia 200 we Nokia 210 bolsa 2,4 dýuýmlyk displeý bilen üpjün edildi. Iň ýokary derejeli Nokia 235 4G 2 MP kamera, Nokia 210 bolsa 0,3 MP kamera bilen enjamlaşdyryldy. Esasy Nokia 200 4G modelinde bolsa ne esasy kamera, ne-de el çyrasy bar. Telefonlar dürli açyk reňklerde satuwa çykarylar, olaryň bahasy bolsa soňra yglan ediler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026
«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

22:11 Sentýabr 22, 2026