HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara kosmos stansiýasynyň orbitasy ekipaž çalşygyndan öň takmynan 2 km ýokarlandyryldy

Iýul 04, 2026 | 16:20 |739
Halkara kosmos stansiýasynyň (HKS) orbitasy üstünlikli düzedilip, 1,9 km ýokarlandyryldyHalkara kosmos stansiýasynyň (HKS) orbitasy üstünlikli düzedilip, 1,9 km ýokarlandyryldy
Çeşme: ТАСС

Halkara kosmos stansiýasynyň (HKS) orbitasy üstünlikli düzedilip, 1,9 km ýokarlandyryldy. Bu barada «Roskosmosa» salgylanyp, TASS agentligi habar berdi.

Bu iş 2-nji iýul gijesi «Progress MS-34» ýük gämisiniň hereketlendirijileriniň kömegi bilen geçirildi. Hereketlendirijiler 9 minutdan gowrak işledi. Düzedişden soň stansiýanyň Ýerden uçuş beýikligi 419,89 km boldy.

Orbitanyň üýtgedilmegi meýilleşdirilen amaldyr. Bu, «Soýuz MS-29» kosmos gämisiniň uçurylyşyndan hem-de «Soýuz MS-28» gämisiniň gaýdyp geljek kapsulasynyň gonuşyndan öň zerur ballistik şertleri döretmek üçin amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda HKS-de ýedi adamdan ybarat halkara ekipaž işleýär. Onuň düzüminde russiýaly kosmonawtlar Sergeý Kud-Swerçkow, Sergeý Mikaýew, Andreý Fedýaýew, NASA-nyň astronawtlary Kristofer Uilýams, Jessika Meir, Jek Heteueý hem-de Ýewropa Kosmos Agentliginiň (ESA) astronawty Sofi Adeno bar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Stambulda 60-njy Halkara IJS zergärçilik sergisi geçiriler

Stambulda 60-njy Halkara IJS zergärçilik sergisi geçiriler

23:55 Iýul 24, 2026
Antalýada 25-nji Growtech halkara oba hojalyk sergisi geçiriler

Antalýada 25-nji Growtech halkara oba hojalyk sergisi geçiriler

23:46 Iýul 24, 2026
17-nji iýun bilen 2-nji iýul aralygyndaky adatdan daşary yssy howa sebäpli kadaly derejeden ýokary adam pidalarynyň sany 5764-e ýetdi

17-nji iýun bilen 2-nji iýul aralygyndaky adatdan daşary yssy howa sebäpli kadaly derejeden ýokary adam pidalarynyň sany 5764-e ýetdi

16:20 Iýul 24, 2026