HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"Microsoft", "Google", "Amazon" we "Meta" howa krizisi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar: emeli aň üçin dünýä maglumat merkezleriniň 79 göterimi howp astynda

Iýul 03, 2026 | 19:00 |3533
Çeşme: orient.tm

"Microsoft", "Google", "Amazon" we "Meta" howa krizisi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar: emeli aň üçin dünýä maglumat merkezleriniň 79 göterimi howp astynda. Dünýäniň iri ylmy-tehnologik kompaniýalary dowam edýän aşa yssy howa bilen bagly çynlakaý mesele – emeli aň üçin maglumatlary gaýtadan işleýiş merkezlerinde ýokary öndürijilikli çipleriň durnukly işlemegini üpjün etmek meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Biziň döwrümiziň geň wakasy: iň çylşyrymly meseleleri çözmek üçin döredilen tehnologiýalar özleri howanyň täsirine bagly bolup galýarlar. Emeli aň modelleri näçe kuwwatly bolsa, şonça-da köp energiýa talap edýär, maglumat merkezleri şonça-da gyzýar we howa hadysalaryna has ejiz bolýar. Emeli aň ugrundaky bäsdeşlik temperaturanyň yzygiderli ýokarlanýan dünýäsinde ýaşap galmak ugrundaky bäsdeşlige öwrülýär.

Howa töwekgelçiliklerini seljerýän "First Street" kompaniýasynyň statistikasyna salgylanyp, "CNBC" öz hasabatynda dünýäniň maglumatlary gaýtadan işleýiş merkezleriniň kuwwatynyň 79 göterimine çenli böleginiň suw joşmalary, güýçli harasatlar we tokaý ýangynlary ýaly aşa howa hadysalary sebäpli howp astyndadygyny habar berdi. Bu howplar işiň bökdenmegine, işiň togtamagynyň dowamlylygynyň artmagyna, ätiýaçlandyryş we abatlaýyş çykdajylarynyň köpelmegine sebäp bolup biler. "Tech Buzz" neşiri "Microsoft", "Google", "Amazon" we "Meta" ýaly ägirt kompaniýalaryň emeli aň modelleri üçin uly maglumat merkezlerini gurmakda bäsleşýändigini, emma aşa howa şertleriniň bu desgalaryň işini ep-esli kynlaşdyrandygyny belledi. Hasabatda üç esasy töwekgelçilik görkezilýär: elektrik torlarynyň durnuklylygynyň peselmegi, sowadyş çykdajylarynyň düýpli artmagy we ätiýaçlandyryş çykdajylarynyň ep-esli ýokarlanmagy.

Maglumatlary gaýtadan işleýiş merkezleri häzirki zaman sanly ykdysadyýetiniň ýüregidir. Olar örän köp mukdarda elektrik energiýasyny we çylşyrymly sowadyş ulgamlaryny talap edýär. Daşky howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy sowadyşyň netijeliligini peseldýär we ulgamlary iň ýokary kuwwatda işlemäge mejbur edýär. Käbir sebitlerde maglumat merkezleriniň kuwwatyny peseltmäge ýa-da doly öçürmäge mejbur bolan ýagdaýlary eýýäm hasaba alyndy. Çaklamalara görä, 2030-njy ýyla çenli maglumatlary gaýtadan işleýiş merkezleriniň elektrik energiýasyny sarp edişi dünýäde sarp edilýän elektrik energiýasynyň 8 göterimine ýetip biler, howa töwekgelçilikleriniň artmagy bolsa emeli aňyň ösüşini çäklendirýän esasy şertleriniň birine öwrüler.

"CCTV+"-iň habar bermegine görä, tehnologik ägirtler sowadyş ulgamlaryna we ätiýaçlyk elektrik üpjünçiligine maýa goýýarlar, emma mesele henizem ulgamlaýyn häsiýete eýe bolup, onuň çözgüdi ählumumy çemeleşmäni talap edýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ahalteke atlary Niderlandlarda geçiriljek Ýewropanyň gözellik bäsleşigine gatnaşarlar

Ahalteke atlary Niderlandlarda geçiriljek Ýewropanyň gözellik bäsleşigine gatnaşarlar

01:46 Iýul 04, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

01:30 Iýul 04, 2026
Dmitriý Şlapaçenko özüniň BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy wezipesini tamamlaýar

Dmitriý Şlapaçenko özüniň BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy wezipesini tamamlaýar

00:10 Iýul 04, 2026