HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda MICS7 barlagynyň jemleri boýunça giň gerimli maslahatlar tamamlandy

Iýul 03, 2026 | 13:24 |2598
BMG-niň Çagalar gaznasy (UNICEF), Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti hem-de BMG-niň Ilat gaznasy (UNFPA) Köp görkezijiler boýunça klaster barlagynyň ýedinji tapgyrynyň (MICS7) esasy netijelerine bagyşlanan sebitleýin tegelek stollarynyň tapgyryny üstünlikli tamamladyBMG-niň Çagalar gaznasy (UNICEF), Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti hem-de BMG-niň Ilat gaznasy (UNFPA) Köp görkezijiler boýunça klaster barlagynyň ýedinji tapgyrynyň (MICS7) esasy netijelerine bagyşlanan sebitleýin tegelek stollarynyň tapgyryny üstünlikli tamamlady
Çeşme: UNICEF in Turkmenistan

BMG-niň Çagalar gaznasy (UNICEF), Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti hem-de BMG-niň Ilat gaznasy (UNFPA) Köp görkezijiler boýunça klaster barlagynyň ýedinji tapgyrynyň (MICS7) esasy netijelerine bagyşlanan sebitleýin tegelek stollarynyň tapgyryny üstünlikli tamamlady.

10-njy iýundan 1-nji iýul aralygynda ähli welaýatlarda we Aşgabat şäherinde geçirilen maslahatlara döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, lukmanlar, mugallymlar hem-de durmuş ulgamy boýunça bilermenler gatnaşdy.

масштабное обсуждение итогов опроса МИКС7 в Ашхабаде

MICS7 barlagynyň netijeleri Türkmenistanda zenanlaryň we çagalaryň durmuş şertleri barada halkara ülňülerine laýyklykda taýýarlanan iň giňişleýin maglumatlary öz içine alýar. Duşuşyklarda saglygy goraýyş, bilim, çagalaryň irki ösüşi we adam hukuklaryny goramak ugurlaryndaky ýagdaýlar giňişleýin seljerildi.

Şeýle hem sebitleriň görkezijilerini deňeşdirmäge aýratyn üns berildi. Bu bolsa döwlete has takyk durmuş maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga hem-de oba ýerlerinde ýaşaýan maşgalalara we maýyplygy bolan çagalara gönükdirilen goldawy has netijeli guramaga mümkinçilik berer.

завершилось масштабное обсуждение итогов опроса МИКС7

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna ýokary hilli statistiki maglumatlaryň diňe sanlar bolman, eýsem her bir maşgalanyň durmuşyny gowulandyrmaga hyzmat etmelidigini belledi.

Maslahatlaryň jemleri ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna býujet serişdelerini has netijeli paýlamaga, döwlet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga hem-de çagalaryň hukuklary we gender deňligi boýunça halkara borçnamalary ýerine ýetirmäge ýardam eder.

масштабное обсуждение итогов опроса МИКС7 завершилось

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026
Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

15:23 Awgust 02, 2026