HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Stadler dar ölçegli demir ýollar üçin dünýäde ilkinji wodorodly otlyny hödürledi

Iýul 02, 2026 | 16:14 |3435
Şweýsariýanyň Stadler kompaniýasy hem-de transport operatory ARST dar ölçegli demir ýol ugurlary üçin dünýäde ilkinji wodorodly otlyny tanyşdyrdyŞweýsariýanyň Stadler kompaniýasy hem-de transport operatory ARST dar ölçegli demir ýol ugurlary üçin dünýäde ilkinji wodorodly otlyny tanyşdyrdy
Çeşme: Stadler

Şweýsariýanyň Stadler kompaniýasy hem-de transport operatory ARST dar ölçegli demir ýol ugurlary üçin dünýäde ilkinji wodorodly otlyny tanyşdyrdy. On sany innowasion düzüm Italiýanyň Sardiniýa adasynda dizel lokomotiwlerini doly çalşar. Bu bolsa her ýyl kömürturşy gazynyň (CO₂) zyňyndylaryny 2100 tonnadan gowrak azaltmaga mümkinçilik berer.

Sebitiň çylşyrymly daglyk relýefi sebäpli bu ýerde adaty agyr otlulary ulanmak amatsyz hasaplanýar. Şonuň üçin inženerler diňe suw buguny atmosfera goýberýän, ortasynda Power Pack atly energiýa moduly ýerleşdirilen ýeňil otly düzümini işläp taýýarladylar.

Taslamanyň esasy aýratynlygy onuň doly özbaşdak işlemegidir. Otlylary ýangyç bilen üpjün etmek üçin zerur bolan wodorod ýerinde Gün energiýasynyň kömegi bilen öndüriler. Şeýle hem ýolagçylar üçin sesiň we yrgyldynyň ýoklugy, döwrebap howa sazlaýyş ulgamy hem-de giň panoramaly penjireler sebäpli syýahat has amatly bolar.

Häzirki wagtda Stadler dar ölçegli wodorodly otlulary öndürýän dünýäde ýeke-täk kompaniýa bolup durýar. Şeýle hem kompaniýa Italiýanyň Kalabriýa we Sisiliýa sebitleri üçin şuňa meňzeş otlulary Şweýsariýadaky zawodynda öndürýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026