Stadler dar ölçegli demir ýollar üçin dünýäde ilkinji wodorodly otlyny hödürledi


Şweýsariýanyň Stadler kompaniýasy hem-de transport operatory ARST dar ölçegli demir ýol ugurlary üçin dünýäde ilkinji wodorodly otlyny tanyşdyrdy. On sany innowasion düzüm Italiýanyň Sardiniýa adasynda dizel lokomotiwlerini doly çalşar. Bu bolsa her ýyl kömürturşy gazynyň (CO₂) zyňyndylaryny 2100 tonnadan gowrak azaltmaga mümkinçilik berer.
Sebitiň çylşyrymly daglyk relýefi sebäpli bu ýerde adaty agyr otlulary ulanmak amatsyz hasaplanýar. Şonuň üçin inženerler diňe suw buguny atmosfera goýberýän, ortasynda Power Pack atly energiýa moduly ýerleşdirilen ýeňil otly düzümini işläp taýýarladylar.
Taslamanyň esasy aýratynlygy onuň doly özbaşdak işlemegidir. Otlylary ýangyç bilen üpjün etmek üçin zerur bolan wodorod ýerinde Gün energiýasynyň kömegi bilen öndüriler. Şeýle hem ýolagçylar üçin sesiň we yrgyldynyň ýoklugy, döwrebap howa sazlaýyş ulgamy hem-de giň panoramaly penjireler sebäpli syýahat has amatly bolar.
Häzirki wagtda Stadler dar ölçegli wodorodly otlulary öndürýän dünýäde ýeke-täk kompaniýa bolup durýar. Şeýle hem kompaniýa Italiýanyň Kalabriýa we Sisiliýa sebitleri üçin şuňa meňzeş otlulary Şweýsariýadaky zawodynda öndürýär.
ORIENT






