Türkmenistanyň ýaş alymy Hytaýyň Ylymlar akademiýasynda ilkinji gezek doktorlyk dissertasiýasyny üstünlikli gorady


Türkmenistanyň ýaş alymy Arslan Berdiýew Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Uniwersitetiniň (UCAS) ýanyndaky Sinszýan Ekologiýa we Geografiýa institutynda (XIEG) doktoranturany üstünlikli tamamlap, doktorlyk dissertasiýasyny goran ilkinji türkmenistanly boldy. Ol häzirki zaman ylmynyň iň möhüm we çylşyrymly ugurlarynyň biri bolan fiziki geografiýa, geoinformasion ulgamlary (GIS) hem-de Ýeri uzak aralykdan zondirlemek tehnologiýalary boýunça ylmy-barlag işini alyp bardy.
Okuw ýyllarynda Arslan Berdiýew özüni çuňňur gözlegçi hökmünde tanatdy. Ol Scopus we Web of Science halkara ylmy maglumat binýatlarynda indekslenýän, Q1 we Q2 derejeli abraýly ylmy žurnallarda birnäçe makala çap etdirdi. Onuň ylmy işleri maşyn öwreniş usullaryny we Sentinel-2 hemrasynyň maglumatlaryny ulanmak arkaly Türkmenistanda çölleşmäniň sanly monitoringine, şeýle hem süýşgün howplaryny takyk modelirlemäge bagyşlandy.
Ýokary akademiki üstünlikleri üçin 2025-nji ýylyň iýul aýynda watandaşymyz UCAS tarapyndan «Iň gowy halkara talyp» diýen abraýly ada mynasyp boldy.

Ýaş alymyň ylmy gazananlary uly amaly ähmiýete eýedir. Olar XIEG bilen Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk ylalaşygy bilen gönüden-göni utgaşýar. Çölleşmä garşy göreş, göçýän çägeleri berkitmek boýunça Hytaýyň öňdebaryjy tehnologiýalary we tejribesi geljekde Garagum sährasynda awtomobil ýollaryny hem-de turbageçirijileri goramakda ulanylar. Şeýle-de bu tejribe Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyna hem goşant goşar.
ORIENT






