Türkmenistanyň we Hytaýyň ýokary okuw mekdepleri mugallymlary taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryna gol çekdiler


Türkmenistanyň öňdebaryjy üç sany mugallymçylyk ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylaryndan we hünärmenlerinden ybarat wekiliýet Hytaý Halk Respublikasynyň Urumçy şäherine iş saparyny amala aşyrdy. 5–26-njy iýun aralygynda türkmen hünärmenleri «Önümçilik, okuw, ylym we tejribe ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça Merkezi Aziýa-Hytaý» atly halkara ylym-bilim forumyna gatnaşdylar.
«Sanly intellekt mümkinçilikleri giňeldýär, Ýüpek ýoly geljegi baglanyşdyrýar» diýen şygar bilen geçirilen giň gerimli forumyň esasy netijeleriniň biri Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagy boldy.

Forumyň plenar mejlisiniň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrliginiň Halkara dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkezi hem-de Sinszýan mugallymçylyk uniwersiteti bilen üçtaraplaýyn Çarçuwaly hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryna gol çekdiler.
Saparyň möhüm bölekleriniň biri hem Sinszýan mugallymçylyk uniwersitetinde geçirilen hytaýşynaslyga, Merkezi Aziýa sebitini öwrenmäge we dilleri okatmagyň usulyýetine bagyşlanan ylmy maslahata gatnaşmak boldy. Türkmenistanyň wekilleri bilim, ylym we önümçiligi utgaşdyrmakda, şeýle hem häzirki zaman sanly bilim maksatnamalaryny ornaşdyrmakda toplanan milli tejribe bilen tanyşdyrdylar.
Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň dowamynda taraplar geljegiň ýokary hünärli mugallymlaryny taýýarlamak boýunça bilelikdäki «ýol kartasyny» tassykladylar. Bu ädim Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin strategiýasyny durmuşa geçirmäge ýardam berýär hem-de iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy täze hil derejesine çykarýar.
ORIENT







