HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýewropada yssy howa sebäpli 1300-den gowrak ölüm hasaba alyndy

Iýun 30, 2026 | 18:00 |1496
Çeşme: orient.tm

21-nji iýundan bäri Ýewropada aşa ýokary temperaturalar bilen baglanyşykly artykmaç ölümleriň sany 1300-den geçdi. Bu barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus ýekşenbe güni X sosial ulgamynda habar berdi.

Yssy howa diňe bir howa hadysasy bolmagyny bes edip, adam ömrüne howp salýan ýagdaýa öwrülende, saglygy goraýyş ulgamy göze görünmeýän duşmanyň garşysynda galýar. Tedros ýylylyk stresini «ýuwaş ganhor» diýip atlandyrýar we bu diňe bir meňzetme däl. Häzirki wagtda dünýäde iň çalt gyzýan yklym bolan Ýewropa ýakyn wagta çenli adaty däl hasaplanan temperaturalara doly taýýar däl. Mekdepler ýapylýar, elektrik ulgamlary aşa ýüklenýär, ölümleriň sany bolsa günsaýyn artýar.

Artykmaç ölüm derejesi belli bir döwürde we belli bir ýerde hakykatda hasaba alnan ölümleriň sany bilen adaty şertlerde garaşylýan ölümleriň sanynyň arasyndaky tapawudy aňladýar. Tedros öz habarynda şeýle diýdi: «Häzirki wagtda 150 million adam aşa yssy howanyň täsirinde ýaşaýar, ýüzlerçe adam aradan çykdy, mekdepler ýapyldy, elektrik ulgamlary aşa ýüklenýär».

Ol Ýewropadaky ýaşaýyş jaýlarynyň, iş ýerleriniň we mekdepleriň şeýle ýokary temperaturalar üçin niýetlenmändigini duýdurdy. Onuň bellemegine görä, Ýewropa Ýerdäki iň çalt gyzýan yklymdyr we bu ýerde temperaturanyň ýokarlanma depgini dünýä boýunça ortaça görkezijiden iki esse ýokarydyr.

«Howanyň üýtgemegi we ählumumy maýylganlyk sebäpli ozal "bir nesilde bir gezek" gabat gelýän güýçli yssy tolkunlary indi her ýyl diýen ýaly gaýtalanýar» — diýip, Tedros aýtdy.

BSGG agza döwletler we hyzmatdaşlar bilen bilelikde aşa yssy howa bilen bagly saglyk meselelerini çözmek ugrunda işleýär. Bu işde taýýarlyga, öňüni alyş çärelerine we saglygy goraýyş ulgamynyň täsirli jogap beriş mümkinçiliklerini güýçlendirmäge aýratyn üns berilýär.

Tedros Ýewropa ýurtlaryny howanyň üýtgemeginiň saglyga ýetirýän täsirlerinden goramak boýunça giň gerimli maksatnamanyň çäklerinde «yssy howa şertlerinde saglygy goramak boýunça hereketler meýilnamalaryny» durmuşa geçirmäge çagyrdy.

Artykmaç ölüm epidemiologlar tarapyndan adatdan daşary hadysalaryň ilatyň saglygyna ýetirýän täsirini bahalandyrmak üçin ulanylýan esasy görkezijileriň biridir. Günüň urmagy ýaly gönüden-göni ölüm sebäplerinden tapawutlylykda, bu görkeziji ýürek-damar we dem alyş ulgamy keselleriniň ýitileşmegi, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamlarynyň aşa ýüklenmegi sebäpli lukmançylyk kömegine elýeterliligiň peselmegi ýaly gytaklaýyn täsirleri hem öz içine alýar.

Ýewropadaky binalaryň köpüsi mylaýym howa şertleri üçin gurlandygy sebäpli, olarda kondisioner ulgamlary ýok. Bu ýagdaý olary aşa yssy howanyň garşysynda has ejiz edýär. BSGG-niň maglumatlaryna görä, yssy howa eýýäm birnäçe ýurtda mekdepleriň ýapylmagyna getirdi, elektrik ulgamlaryna düşýän ýüküň artmagy bolsa köpçülikleýin elektrik öçürilmeleriniň döremegine howp salýar.

Tedros yssy howa tolkunlarynyň adaty ýagdaýa öwrülýändigini belläp, olara uýgunlaşmak boýunça çäreleriň gyssagly amala aşyrylmalydygyny nygtady.

CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, BSGG ýagdaýa gözegçiligini dowam etdirýär hem-de Ýewropa hökümetlerini ilatyň has gowşak toparlaryny goramak üçin gyssagly çäreleri görmäge çagyrýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Oman bilen Eýran Ormuz bogazy boýunça bilelikdäki dolandyryş işine başladylar

Oman bilen Eýran Ormuz bogazy boýunça bilelikdäki dolandyryş işine başladylar

20:00 Iýun 30, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli 1300-den gowrak ölüm hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli 1300-den gowrak ölüm hasaba alyndy

18:00 Iýun 30, 2026
Täze ugur: Ýük otlusy Hytaý bilen Türkmenistany 15 günde baglanyşdyrdy

Täze ugur: Ýük otlusy Hytaý bilen Türkmenistany 15 günde baglanyşdyrdy

17:55 Iýun 30, 2026