HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Awstraliýa çagalaryň sosial torlara girmeginiň öňüni alyp bilmedik kompaniýalar üçin jerimeleri iki esse artdyrýar

Iýun 30, 2026 | 16:00 |1109
Çeşme: orient.tm

Awstraliýanyň Hökümeti 16 ýaşdan kiçi çagalaryň sosial torlary ulanmagyny gadagan edýän milli talaby ýerine ýetirmeýän kompaniýalar üçin iň ýokary jerimäni iki esse ýokarlandyrmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Çagalary goramak maksady bilen kabul edilen kanun garaşylan netijäni bermese, hökümet yza çekilmeýär — tersine, talaplary has-da berkidýär. 2025-nji ýylyň dekabrynda güýje giren we dünýäde ilkinji gezek 16 ýaşdan kiçi ýetginjekleriň sosial torlary ulanmagyny gadagan eden kanun garaşylşy ýaly netije bermedi. Geçirilen barlag 16 ýaşdan kiçi çagalaryň 85 göteriminden hem köpräginiň henizem sosial torlary ulanýandygyny görkezdi. Indi bolsa Kanberra jogap hökmünde jerimeleri iki esse artdyrýar we gözegçilik ediji gurama täze ygtyýarlyklary berýär.

Premýer-ministr Entoni Albaneze şenbe güni agşam tehnologik kompaniýalaryň 16 ýaşdan kiçi ulanyjylaryň sosial torlara girmeginiň öňüni almak üçin «ýetärlik iş etmeýändigini» aýtdy. Ol hökümetiň federal parlamente degişli kanun taslamasyny hödürlejekdigini we 16 ýaşdan kiçi ulanyjylaryň öz platformalaryndan peýdalanmagynyň öňüni alyp bilmedik kompaniýalar üçin iň ýokary jerimäniň 49,5 million awstraliýa dollaryndan (34,1 million ABŞ dollary) 99 million awstraliýa dollaryna (68,2 million ABŞ dollary) çenli ýokarlandyryljakdygyny aýtdy.

Bu dünýäde ilkinji şeýle gadagqn ediş çäreler 2025-nji ýylyň dekabrynda güýje girdi. Emma penşenbe güni Nýukasl uniwersiteti tarapyndan çap edilen barlag onuň güýje girmeginden üç aý soň hem 16 ýaşdan kiçi çagalaryň 85 göteriminden gowragynyň sosial torlary ulanmagyny dowam etdirýändigini görkezdi.

Jerimeleriň artdyrylmagy bilen bir hatarda Albaneze kanuna girizilmegi teklip edilýän üýtgetmeleriň Internetdäki howpsuzlyk boýunça ynanylan wekile (eSafety Commissioner) kompaniýalary 16 ýaşdan kiçi ulanyjylaryň öz platformalaryny ulanmagynyň öňüni almak üçin haýsy çäreleri görýändiklerini subut etmäge mejbur etmek boýunça has giň ygtyýarlyklary berjekdigini aýtdy.

Gözegçilik ediji edara kompaniýalardan içerki resminamalary, şol sanda direktorlar geňeşiniň mejlisleriniň teswirnamalaryny we gulluk hatlaryny talap edip biler. Häzirki wagtda Facebook, Instagram, Snapchat, TikTok we YouTube platformalary boýunça derňew alnyp barylýar.

Awstraliýanyň teleradioýaýlym korporasiýasynyň habar bermegine görä, hökümet degişli kanunçylyk üýtgetmelerini federal parlamentiň penşenbe güni başlanýan her ýylky gyşky dynç alyşyndan öň kabul etmegi meýilleşdirýär.

2025-nji ýylyň dekabrynda güýje giren 16 ýaşdan kiçi çagalaryň sosial torlary ulanmagyny gadagan edýän kanun dünýäde ilkinji şeýle kanun boldy. Hökümetiň maglumatlaryna görä, gadaganlyk girizileli bäri 16 ýaşdan kiçi çagalara degişli 5 milliondan gowrak akkaunt öçürildi, ýapyldy ýa-da çäklendirildi. Şeýle-de bolsa, geçirilen barlag çagalaryň aglabasynyň galp akkauntlary ýa-da dostlarynyň we garyndaşlarynyň hasaplaryny ulanyp, bu çäklendirmeleri aýlanyp geçmegiň ýoluny tapýandygyny görkezdi.

Aragatnaşyk ministri Anika Uells tehnologik ägirtleriň «diňe jogapkärçilikden gutulmak üçin iň az işi edýändiklerini» we «uly tehnologiýa kompaniýalarynyň usullaryny ulanandygyny» aýtdy. Şeýle hem ol: «Sosial torlar dünýäniň iň baý we iň täsirli kompaniýalarynyň biridir. Biz olary öz jogapkärçiligine çynlakaý çekmegi maksat edinýäris» — diýip belledi.

Çagalar kanundaky boşluklary korporasiýalaryň olary ýapmagyň ýoluny tapyşyndan has çalt tapsalar, hökümetler uzak möhletleýin göreşmäge mejbur bolýarlar. 99 million awstraliýa dollary diňe bir jerime däl. Bu, çagalaryň howpsuzlygy barada gürrüň gidende, hatda dünýäniň iň baý kompaniýalarynyň hem kanundan ýokary durmaýandygyny görkezýän açyk duýduryşdyr.

16 ýaşdan kiçi ýetginjekleriň 85 göteriminiň henizem sosial torlary ulanýandygyny görkezýän barlag gadaganlygyň şowsuzlygyny däl-de, eýsem bu göreşiň diňe başlanandygyny görkezýär. Awstraliýa yza çekilmeýär: ol jerimeleri iki esse artdyrýar, gözegçilik ediji edaranyň ygtyýarlyklaryny giňeldýär we tehnologik ägirtlere olaryň «sosial jogapkärçiliginiň» diňe marketing şygary däldigini ýatladýar.

CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, kanun taslamasy ýakyn günlerde parlamente hödürlener we onuň parlamentiň dynç alyşyna çykmazdan öň kabul edilmegine garaşylýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Ariranyň» bäş görnüşi — Koreýanyň baş aýdymy Kwanjuda türkmen dilinde ýaňlanar

«Ariranyň» bäş görnüşi — Koreýanyň baş aýdymy Kwanjuda türkmen dilinde ýaňlanar

18:36 Iýul 14, 2026
CARAVAN taslamasynyň mirasy: 56 million yzarlamalar we media dialogda Türkmenistanyň sesi

CARAVAN taslamasynyň mirasy: 56 million yzarlamalar we media dialogda Türkmenistanyň sesi

18:30 Iýul 14, 2026
2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň taktiki tapmaçalary: futbol intellekti atletiki güýji ýeňip bilermi?

2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň taktiki tapmaçalary: futbol intellekti atletiki güýji ýeňip bilermi?

18:02 Iýul 14, 2026