Älemden uçurymlar dabarasy: Çançundaky talyplar orbitadaky hemranyň kömegi bilen ýadygärlik surata düşdüler
Her ýyl uniwersitetlerde geçirilýän diplom gowşurylyş dabarasynyň öňüsyrasynda Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Szilin welaýatynyň Çançun şäheriniň bir topar talyby ýakynda orbitadaky hemranyň kömegi bilen uçurymlar dabarasynyň ýadygärlik suratlaryny düşürmäge mümkinçilik aldy. Bu waka olarda täsin ýatlamalary we ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Sekuntda birnäçe kilometr tizlik bilen hereket edýän hemra seniň uçurymlar dabarasynyň suratyny alanda, asman bilen ýeriň arasyndaky araçäk ýitýär. Hytaý boýunça her ýyl müňlerçe talyp akademiki mantiýada we dörtburç başgapda surata düşýär, emma diňe Çançundan bolan bu talyplar özlerini ýüzlerçe kilometr beýiklikden görmäge mümkinçilik aldylar. Olar üçin bu diňe bir surat däl, eýsem tehnologiýanyň düýn ylmy fantastika bolup görünýän zatlary şu gün hakykata öwürýändiginiň alamatydyr.
Ýerli hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýän kompaniýa bilen şertnama baglaşylandan soň, Çançun Tehnologiýa uniwersitetiniň talyplary Ýeriň ýüzünden ýüzlerçe kilometr beýiklikdäki orbitada hereket edýän «Szilin-1» hemrasynyň özleriniň suratyny düşürmegine mümkinçilik berdiler. Fotosessiýa wagtynda Žurnalistika we kommunikasiýalar fakultetiniň talyplary ellerinde uniwersitetiň gysgaldylan ady hem-de öz fakultetlerini aňladýan hytaý iýeroglifleri ýazylan gök reňkli tagtajyklary sakladylar.
Fotosessiýa gatnaşan talyplaryň biri Ýan Ýuanmin şeýle diýdi: «Orbitadaky hemra sekuntda birnäçe kilometr tizlik bilen hereket edýär. Şeýle-de bolsa, ol biziň üçin bu uçurymlar dabarasynyň suratyny almak maksady bilen örän kiçijik sport meýdançasyny takyk tanap bildi. Men muny hakykatdanam ajaýyp hasaplaýaryn».
Surata düşürilen güni uniwersitet Chang Guang Satellite Technology Company bilen hyzmatdaşlyk edip, «Szilin-1» hemrasynyň sport meýdançasynyň üstünden geçýän pursatynda iýeroglifleriň şekilini ýazga almagyny üpjün etdi. Hemra arkaly surata düşürmek üçin öňünden orbitanyň parametrlerini we meteorologik maglumatlary taýýarlamak, şeýle hem hemranyň meýdançanyň üstünden geçjek wagtyny we kameranyň degişli nokada gönükdiriljek pursadyny örän takyk hasaplamak zerurdyr.
Chang Guang Satellite Technology Co., Ltd. kompaniýasynyň işgäri Pan Şuaýýun bu barada şeýle diýdi: «Biziň hemra toparymyz barha giňelýär, tehnologik mümkinçilikleri bolsa yzygiderli kämilleşýär. Optiki kameralar bilen enjamlaşdyrylan hemralar bir gezeklik surata düşürmek arkaly tutuş uniwersitet şäherçesini şekillendirip bilýär. Gaýtadan surata düşürmegiň netijeliligi we alnan suratlaryň durulygy ep-esli ýokarlandy. Häzir kosmosdan uçurymlar dabarasynyň suratlaryny düşürmek kompaniýamyzyň uzak möhletleýin iş ugruna öwrüldi, ýurduň dürli künjeklerindäki onlarça uniwersitet bu taslama mugt goşuldy».
«Szilin-1» hemrasy Chang Guang Satellite Technology kompaniýasy tarapyndan döredilen Hytaýyň täjirçilik maksatly Ýeri uzakdan zondlama hemra toparynyň düzümine girýär. Bu ulgam oba hojalygyna gözegçilik etmekde, şäherleri meýilleşdirmekde hem-de bilim taslamalarynda giňden ulanylýar.
Uçurymlar dabarasynyň suratlaryny orbitadan düşürmek ýokary tehnologiýalaryň gündelik durmuşa ornaşmagynyň aýdyň mysalydyr. Wagtyň we uçuş ugrunyň takyk hasaplanylmagy hemra zerur obýekti 0,5 metre çenli durulyk bilen surata almaga mümkinçilik berýär. Bu taslama eýýäm Hytaýyň onlarça uniwersitetini öz içine alyp, kosmosdan ýadygärlik surata düşmegi täze bir ugra öwürdi.
CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, hemra tarapyndan düşürilen suratlar eýýäm talyplara gowşuryldy. Uniwersitet bolsa geljek ýylda hem kompaniýa bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirmegi meýilleşdirýär.





