HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Halkara elektrik aragatnaşyk birleşiginiň geljegiň aragatnaşyk tehnologiýalaryna bagyşlanan forumy başlandy

Iýun 29, 2026 | 23:30 |6385
2026-njy ýylyň 29–30-njy iýuny aralygynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi Halkara elektrik aragatnaşyk birleşigi (ITU) bilen bilelikde «Geljegiň aragatnaşyk tehnologiýalary» (Future of Connectivity) atly iki günlük forumy geçirýär2026-njy ýylyň 29–30-njy iýuny aralygynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi Halkara elektrik aragatnaşyk birleşigi (ITU) bilen bilelikde «Geljegiň aragatnaşyk tehnologiýalary» (Future of Connectivity) atly iki günlük forumy geçirýär
Çeşme: Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi

2026-njy ýylyň 29–30-njy iýuny aralygynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi Halkara elektrik aragatnaşyk birleşigi (ITU) bilen bilelikde «Geljegiň aragatnaşyk tehnologiýalary» (Future of Connectivity) atly iki günlük forumy geçirýär. Çäre ministrligiň binasynda geçirilip, GDA ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň, kadalaşdyryjy düzümleriniň, telekommunikasiýa operatorlarynyň we ylym-bilim edaralarynyň wekillerini bir ýere jemleýär.

В Ашхабаде начался форум МСЭ

Forum ykjam we durnukly aragatnaşyk ulgamlarynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen öz işine başlady. Onda Wi-Fi 6/7/8 standartlary, LEO/MEO/GEO hemra aragatnaşyk tehnologiýalary, Direct-to-Device göni aragatnaşyk ulgamy, şeýle hem torlary dolandyrmakda emeli aňyň ulanylyşy ýaly meselelere garalýar. Aýrybaşga mejlisler ulag infrastrukturasyna, hususy öýjükli aragatnaşyk torlaryna we uçarmansyz uçýan enjamlaryň ykjam aragatnaşyk ýygylyk diapazonlarynda ulanylmagyna bagyşlanýar.

В Ашхабаде начался форум МСЭ

Forumda ITU-nyň bilermenleri çykyş edýärler. Olaryň arasynda radioýygylyk spektrini düzgünleşdirmek ulgamynda 20 ýyldan gowrak tejribesi bolan Gazagystanyň Ubiquitous Wireless LLP kompaniýasynyň tehniki direktory Wadim Poskakuhin, 5G we sanly özgertmeler boýunça hünärmen, GSMA Eurasia guramasynyň tehniki ugrunyň ýolbaşçysy Konstantin Sawin, şeýle hem RIPE NCC guramasynyň internet howpsuzlygy we arabaglanyşyk meseleleri boýunça uly geňeşçisi Waan Owsepýan bar.

В Ашхабаде начался форум МСЭ

Forum häzirki zaman telekommunikasiýa tehnologiýalaryny Türkmenistanda ornaşdyrmagyň amaly ýollaryna bagyşlanan tegelek stol bilen jemlener. Çärä gatnaşmak ähli gyzyklanma bildirýän taraplar üçin mugt. В Ашхабаде начался форум МСЭ

В Ашхабаде начался форум МСЭ

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026
Türkiýede tebigatyň we ekstremal dynç alşyň merkezi: Erzinjan sebiti

Türkiýede tebigatyň we ekstremal dynç alşyň merkezi: Erzinjan sebiti

17:44 Oktýabr 13, 2026
Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

22:55 Oktýabr 12, 2026