Dohada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we halkara başlangyçlary mynasybetli dabaraly çäre geçirildi


28-nji iýunda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasynyň binasynda Dohada ýerleşen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de jemgyýetçilik edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda dabaraly çäre geçirildi.

Çäräniň başynda Ilçi ýylyň şygary bolan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda ýokary derejede guralýan çäreler we alnyp barylýan işler hem-de Döwlet Ýolbaşçylarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan eserler bilen giňişleýin tanyşdyrdy.
Şeýle hem Ilçi, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen giňden tanyşdyrdy. Aýratynda Türkmenistanyň dünýäde we sebitde parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen tagallalary, şol sanda ýurdumyzyň başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çäginde kabul edilen kararnamalar barada gürrün berdi.

Çärä gatnaşan myhmanlar ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri we türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan goşandy, milli mirasy, şol sanda ahalteke bedewiniň tohumynyň arassalygyny gorap saklamak boýunça edilýän tagallalar bilen tanyşdylar hem-de Ilçihananyň muzeýinde ýerleşdirilen türkmen milli däp-dessuruna we sungatyna degişli eksponatlary aýlanyp gördüler.
ORIENT






