HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

AD Ports we EGA Halifa portuny döwrebaplaşdyrmak üçin 84 million dirhem maýa goýýar

Iýun 29, 2026 | 23:10 |1654
BAE-niň iň iri logistika kompaniýalarynyň biri bolan AD Ports Group hem-de alýuminiý öndürijisi Emirates Global Aluminium (EGA) strategik hyzmatdaşlygyny giňeldýändigini mälim etdiBAE-niň iň iri logistika kompaniýalarynyň biri bolan AD Ports Group hem-de alýuminiý öndürijisi Emirates Global Aluminium (EGA) strategik hyzmatdaşlygyny giňeldýändigini mälim etdi
Çeşme: adportsgroup.com

BAE-niň iň iri logistika kompaniýalarynyň biri bolan AD Ports Group hem-de alýuminiý öndürijisi Emirates Global Aluminium (EGA) strategik hyzmatdaşlygyny giňeldýändigini mälim etdi. Taraplar Halifa portundaky EGA-nyň ýöriteleşdirilen duralgasyny düýpli döwrebaplaşdyrmak üçin 84 million BAE dirhemi möçberinde bilelikdäki maýa goýum barada ylalaşyga gol çekdiler. Taslama ýük daşamalaryň möçberini artdyrmaga we ýurduň senagat pudagynyň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Giň gerimli täzelenişiň esasy maksady portuň infrastrukturasy Newcastlemax görnüşli äpet gury ýük gämilerini kabul etmäge uýgunlaşdyrmakdan ybaratdyr. Şeýle gämiler häzirki ulanylýan gämilere garanyňda 15–20 göterim köp ýük daşamaga ukyplydyr.

2028-nji ýylyň awgust aýyna çenli dowam etjek taslamanyň çäklerinde düýbi çuňlatmak işleri geçiriler, kranlaryň konsol bölekleri uzaldylar, täze gämi daňylýan sütünler gurlar we goşmaça düşüriş desgalary işe giriziler.

Tehniki täzelenişiň netijesinde duralganyň geçirijilik ukyby ýylda 8 million tonna çenli dökme ýükleri kabul etmäge ýeter. Kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň bellemegine görä, Halifa porty alýuminini dünýä bazarlaryna eksport etmekde strategik ähmiýete eýedir. Täze infrastruktura çig malyň has howpsuz we çalt işlenilmegini üpjün etmek bilen birlikde, BAE-niň Ýakyn Gündogaryň öňdebaryjy senagat merkezleriniň biri hökmünde ornuny has-da berkider.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026