HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dünýä liderleri Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlaýarlar

Iýun 29, 2026 | 22:40 |5428
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň adyna döwlet BaştutanlaryndanTürkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň adyna döwlet Baştutanlaryndan
Çeşme: tdh.gov.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň adyna döwlet Baştutanlaryndan, hökümet ýolbaşçylaryndan hem-de iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryndan köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar.

Daşary ýurt liderleri öz gutlaglarynda Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artýandygyny, hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandyny aýratyn belleýärler.

Hususan-da, gutlag hatlaryny şu aşakdaky ýolbaşçylar iberdiler:

Döwlet Baştutanlary we hökümet ýolbaşçylary:

• Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin;

• Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin;

• Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew;

• Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew;

• Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon;

• Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon;

• Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko;

• Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý;

• Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan;

• Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin.

Döwlet we syýasy işgärler:

• Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew;

• Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko;

• Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani.

Halkara guramalarynyň we parlamentara düzümleriň ýolbaşçylary:

• BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Migel Anhel Moratinos;

• Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Baş sekretary Sergeý Lebedew;

• GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary Dmitriý Kobiskiý.

Ruhy we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri:

• Kawkaz musulmanlar müdiriýetiniň başlygy, GDA-nyň Dinara geňeşiniň gezekleşikli başlygy Şeýh-ul-Yslam Allahşukur Paşazade;

• Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger.

Gutlaglarda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2026-njy ýylyň 20-nji maýynda biragyzdan kabul eden «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi, şeýle hem esasy nyşany «akylly» Arkadag şäheri bolan iri infrastruktura taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi aýratyn nygtalýar.

Gutlag hatlarynyň awtorlary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür hem-de türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda Halkara elektrik aragatnaşyk birleşiginiň geljegiň aragatnaşyk tehnologiýalaryna bagyşlanan forumy başlandy

Aşgabatda Halkara elektrik aragatnaşyk birleşiginiň geljegiň aragatnaşyk tehnologiýalaryna bagyşlanan forumy başlandy

23:30 Iýun 29, 2026
Türkmenistanyň grossmeýsteri Meýlis Annaberdiýew Wengriýada geçirilen Rigo Ýanoş ýaryşynda ýeňiji boldy

Türkmenistanyň grossmeýsteri Meýlis Annaberdiýew Wengriýada geçirilen Rigo Ýanoş ýaryşynda ýeňiji boldy

23:30 Iýun 29, 2026
Dohada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we halkara başlangyçlary mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

Dohada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we halkara başlangyçlary mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

23:20 Iýun 29, 2026