Ormuz bogazyndan 115 gämidäki takmynan 2500 deňizçi ewakuasiýa edildi
Halkara Deňiz Guramasy (IMO) sişenbe güni deňizçileri göçürmek boýunça işlere başlaly bäri Ormuz bogazyndan 115 gämidäki takmynan 2500 deňizçi göçürildi. Bu barada anna güni IMO-nyň Baş sekretary Arsenio Dominges mälim etdi.
Deňiz — bu iş. Şol bir wagtyň özünde-de töwekgelçilikdir. Dünýä söwdasynyň iň köp ulanylýan ulag geçelgeleriniň biri bolan Ormuz bogazynda minalar partlanda, gämiler hüjümleriň nyşanyna öwrülende, müňlerçe adam syýasat bilen diri galmagyň arasynda duzaga düşýär. Dawa zolagynda galan 11 müň deňizçi diňe bir san däl. Olar öýlerine dolanmaga garaşýan adamlaryň sesleri, maşgalalary we ykballarydyr. IMO göçürmek boýunça işleri ýola goýanda bolsa, halas edilen her bir gäminiň aňyrsynda öýe dolanmak umydy durýar.
Dominges onlaýn metbugat maslahatynda çykyş edip, deslapky maglumatlaryň göçürmek işleriniň ilkinji üç ýarym gününi öz içine alýandygyny aýtdy.
IMO sişenbe güni göçürmek meýilnamasyny yglan edip, Eýranyň teklip eden demirgazyk ugruny we Omanyň hödürlän günorta ugruny ulanmagy maslahat berdi. Emma penşenbe güni BMG-niň deňiz guramasy Oman aýlagynda bir gämi hüjüme sezewar edilenden soň, işleri wagtlaýyn togtatdy. Gurama howpsuzlyk kepillikleriniň henizem güýjündedigini goşmaça seljermegiň zerurdygyny mälim etdi.
Domingesiň sözlerine görä, hüjüme sezewar bolan gämi IMO-nyň göçürmek meýilnamasynda ylalaşylan ugur boýunça hereket etmändir. Deňiz gatnawynyň maglumatlary işler togtadylandan soň hem käbir gämileriň bogazdan geçmegini dowam etdirendigini görkezdi.
Žurnalistleriň soragyna jogap berip, Dominges Eýranyň demirgazyk ugur boýunça işleri dowam etdirýändigini, ABŞ-nyň bolsa günorta ugurdaky gämi gatnawyna goldaw bermegini dowam etdirýändigini aýtdy.
«Gämiler islendik gutarnykly karary kabul etmezden ozal töwekgelçilikleri içgin seljermelidir» diýip, ol belledi hem-de gämi eýelerini we operatorlaryny töwekgelçilikleri üns bilen bahalandyrmaga çagyrdy.
Şeýle hem ol IMO-nyň täjirçilik gämilerine hüjüm edilmejekdigine ýeterlik howpsuzlyk kepillikleri alnandan soňra göçürmek boýunça işleri täzeden dikeltjekdigini aýtdy.
Ormuz bogazy Pars aýlagyny Oman aýlagy bilen birleşdirýän strategik deňiz geçelgesidir. Dünýäde daşalýan nebitiň takmynan 20 göterimi hut şu bogaz arkaly geçirilýär.
2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda başlanan çaknyşykdan bäri bogazda we oňa ýanaşyk suw giňişliklerinde 500–600 töweregi gämidäki takmynan 20 müň deňizçi galypdy.
IMO tarapyndan taýýarlanan göçürmek meýilnamasy 11 müňden gowrak deňizçini öz içine almalydy. Munuň üçin wagtlaýyn iki ugur döredildi: demirgazyk ugur — Eýranyň suwlary arkaly, günorta ugur bolsa Omanyň we ABŞ-nyň gözegçiligindäki suwlar arkaly geçýär.
IMO-nyň bahalandyrmagyna görä, bogazyň çäginde takmynan 80 mina galýar. Şol sebäpli IMO tarapyndan 1968-nji ýylda kabul edilen adaty gämi hereketini bölüşdiriş ulgamy (TSS) häzirki wagtda ulanylyp bilinmeýär.
Çaknyşyk başlanaly bäri gämilere edilen hüjümler netijesinde jemi 14 deňizçi heläk boldy.
CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, deňizçileri göçürmek boýunça işleri häzirlikçe togtadyldy we onuň täzeden dikeldilmegi täjirçilik gämileri üçin ýeterlik howpsuzlyk kepillikleriniň berilmegine bagly bolar.







