HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Air Belgium awiakompaniýasy Aşgabat howa menzili arkaly ýük gatnawlaryny ýola goýar

Iýul 01, 2026 | 16:22 |4820
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Air Belgium awiakompaniýasynyň baş edarasynda bolup, onuň baş direktory Žorž Şaşati bilen gepleşik geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ozal gol çekilen ylalaşygyň çäklerinde Aşgabat arkaly ýük howa gatnawlaryny ýakyn wagtda işe girizmegiň amaly we tehniki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldyTürkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Air Belgium awiakompaniýasynyň baş edarasynda bolup, onuň baş direktory Žorž Şaşati bilen gepleşik geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ozal gol çekilen ylalaşygyň çäklerinde Aşgabat arkaly ýük howa gatnawlaryny ýakyn wagtda işe girizmegiň amaly we tehniki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Çeşme: airbelgium.com

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Air Belgium awiakompaniýasynyň baş edarasynda bolup, onuň baş direktory Žorž Şaşati bilen gepleşik geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ozal gol çekilen ylalaşygyň çäklerinde Aşgabat arkaly ýük howa gatnawlaryny ýakyn wagtda işe girizmegiň amaly we tehniki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Belgiýaly awiagatnadyjy kompaniýanyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň paýtagtyndaky halkara howa menziliniň mümkinçiliklerine ýokary baha berip, ony logistika we ulag nukdaýnazaryndan strategiki ähmiýetli hem-de özüne çekiji merkez diýip atlandyrdy. Şeýle hem Aşgabat Halkara howa menziliniň ýokary derejeli infrastruktura eýe bolup, üstaşyr geçirilýän ýükleriň ygtybarly, howpsuz we netijeli hyzmat edilmegini, şol sanda uçarlaryň çalt ýangyç bilen üpjün edilmegini hem-de ýokary hilli tehniki goldawy üpjün etmäge ukyplydygy bellenildi. Žorž Şaşati Türkmenistanyň häzirki wagtda halkara logistika operatorlary üçin hödürleýän amatly şertleriniň örän bäsdeşlige ukyplydygyny aýratyn nygtady.

Gepleşikleriň dowamynda diplomat we awiakompaniýanyň ýolbaşçysy geljekki uçuşlaryň tertibini we takmynan başlanjak möhletlerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Air Belgium awiakompaniýasynyň Aşgabat arkaly ilkinji ýük gatnawlaryny şu ýylyň awgust aýynyň başynda ýola goýmagy meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Belgiýanyň ýük uçarynyň Aşgabada ilkinji gonuşyna bagyşlanyp dabaraly açylyş çäresini guramak mümkinçiligi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň ilçisi öz gezeginde ýurduň Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ählumumy ulag-logistika ulgamynda ygtybarly, howpsuz we açyk hyzmatdaş hökmünde ornuny yzygiderli berkitýändigini belledi. Awiasiýa logistikasynyň ösdürilmegi halkara arabaglanyşyklary giňeltmäge hem-de Ýewraziýa giňişligindäki üstaşyr ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen uzak möhletli döwlet strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026