HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Her ädimi tebigata has ýeňil yz galdyrýan syýahat: durnukly Türkiýäni açyň

Iýun 28, 2026 | 13:27 |468
Häzirki zaman syýahatçylary indi diňe görmeli ýerleriniň sanawyny tamamlamaýar. Häzirki döwürde esasy üns manyly tejribe gazanmaga we jogapkärçilikli syýahat etmäge gönükdirilýärHäzirki zaman syýahatçylary indi diňe görmeli ýerleriniň sanawyny tamamlamaýar. Häzirki döwürde esasy üns manyly tejribe gazanmaga we jogapkärçilikli syýahat etmäge gönükdirilýär
Çeşme: Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy / Medeniýet we syýahatçylyk bölümi

Häzirki zaman syýahatçylary indi diňe görmeli ýerleriniň sanawyny tamamlamaýar. Häzirki döwürde esasy üns manyly tejribe gazanmaga we jogapkärçilikli syýahat etmäge gönükdirilýär.

Booking.com-yň 2026-njy ýylda durnukly syýahatçylyk boýunça taýýarlan hasabatyna görä, soraga gatnaşanlaryň 85 göterimi ekologiýa taýdan jogapkär syýahat etmegiň özleri üçin örän möhümdigini belläpdir. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýe gorag astyndaky kenarlardan başlap, ýerli oba jemgyýetlerini ösdürmäge gönükdirilen taslamalara çenli dürli ugurlary hödürläp, dünýäniň öňdebaryjy durnukly syýahatçylyk ugurlarynyň biri hökmünde tapawutlanýar.

Çameli >

Türkiýe diňe bir ajaýyp tebigaty bilen däl, eýsem ekosyýahatçylygy döwlet derejesinde goldaýandygy bilen hem ünsi çekýär. Ählumumy Durnukly Syýahatçylyk Geňeşi (GSTC) bilen bilelikde işlenip taýýarlanan «Türkiýäniň ekologik we medeni durnuklylyk maksatnamasynyň» çäginde ýurduň myhmanhanalary halkara talaplaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrylýar. Şeýle başlangyjy milli derejede durmuşa geçiren ilkinji ýurt hökmünde Türkiýe 2026-njy ýylyň Wanderlust «The Travel Green List™» reýtinginde birbada iki ugur boýunça ýeňiji boldy (milli durnuklylyk maksatnamasy we taryhy Birgi şäheriniň

Tebigata iň az täsir ýetirip, ýurduň medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýän Türkiýäni açmagyň bäş ekologik usuly:

1. Türkiýäni welosiped bilen öwreniň

Çameli >

Welosiped Türkiýäniň gizlin aýlaglaryny, gür tokaýlaryny, belent daglaryny we özboluşly obalaryny rahat depginde öwrenmegiň iň amatly usullarynyň biridir. Stambulyň taryhy köçelerinden başlap, Ýewropanyň EuroVelo 8 ulgamyna girýän Izmiriň ugurlaryna, Antalýanyň gök öwüsýän kenarlaryna we Kapadokiýanyň täsin tebigatyna çenli welosiped syýahatçylary üçin giň mümkinçilikler döredildi. Ýörite hyzmatlary, tehniki ussahanalary we amatly şertleri bolan sertifikatlaşdyrylan myhmanhanalar syýahaty has-da amatly edýär.

2. Pyýada ekologiýa ugurlary

Türkiýe biodürlüligi boýunça dünýäniň iň baý ýurtlarynyň biridir. Ýurt guşlaryň möhüm göç ýollarynyň üstünde ýerleşýändigi sebäpli, ekologlar we guş synlaýjylar üçin amatly şertleri döredýär. Tawr daglarynda endemik ösümlikleri öwrenmäge, Kapadokiýada ýabany atlary synlamaga, Wan, Hakkari we Artwin welaýatlarynda bolsa kebelek jülgelerine baryp görmäge mümkinçilik bar. Şeýle hem Iztuzu we Patara kenarlarynda seýrek duş gelýän Caretta caretta deňiz pyşbagalarynyň höwürtgelemegini we täze çykan pyşbagajyklarynyň deňze ilkinji ýoluny synlamak mümkin.

4. Janly taryh we däp-dessurlar bilen tanyşlyk

<img src=

Anadoly ýaly köp gatlakly medeni mirasa eýe bolan sebitler seýrekdir. ÝUNESKO-nyň sanawyndaky ýadygärlikler, Ýewropa keramika ýoly we taryhy termal şäherler syýahatçylara ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlaýar. «Cittaslow» (haýal şäher) derejesini alan şäherçelerde we BMG Syýahatçylyk guramasy tarapyndan ykrar edilen syýahatçylyk obalarynda myhmanlar ýerli ýaşaýyş durmuşyny başdan geçirip bilerler. Şeýle hem Ormanadaky meşhur «ilik öýlerinde» ýa-da Safranboludaky taryhy köşklerde ýaşap, elde taýýarlanan Iznik keramikasyny satyn alyp, asyrlarboýy saklanyp galan milli tagamlardan lezzet alyp bilerler.

5. Organiki tagamlar we ýerli üzümçilik däpleri

Local Dishes

Türkiýäniň gastronomiýasy syýahatyň aýrylmaz bölegidir. Ýerli daýhanlaryň önümlerini saýlamak bilen syýahatçylar sebitleriň medeni mirasyny goramaga hem goşant goşýarlar. Her sebitdäki bazarlarda öýde öndürilen peýnirler, meze tagamlary we zeýtun ýagynda taýýarlanan milli naharlar hödürlenýär.

Mundan başga-da, Anadoly dünýä çakyrçylygyň gadymy merkezleriniň biri hasaplanýar. Urla bilen Kapadokiýanyň arasyndaky çakyr ugurlary maşgala esasly çakyr önümçilik kärhanalary bilen tanyşdyrýar. Bu ýerde 1200-e golaý ýerli üzüm sortlaryny goramak we dikeltmek boýunça işler alnyp barylýar, myhmanlar bolsa gadymy amforalarda saklanan çakyrlaryň özboluşly tagamyndan lezzet alyp bilýärler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda Halkara elektrik aragatnaşyk birleşiginiň geljegiň aragatnaşyk tehnologiýalaryna bagyşlanan forumy başlandy

Aşgabatda Halkara elektrik aragatnaşyk birleşiginiň geljegiň aragatnaşyk tehnologiýalaryna bagyşlanan forumy başlandy

23:30 Iýun 29, 2026
Türkmenistanyň grossmeýsteri Meýlis Annaberdiýew Wengriýada geçirilen Rigo Ýanoş ýaryşynda ýeňiji boldy

Türkmenistanyň grossmeýsteri Meýlis Annaberdiýew Wengriýada geçirilen Rigo Ýanoş ýaryşynda ýeňiji boldy

23:30 Iýun 29, 2026
Dohada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we halkara başlangyçlary mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

Dohada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we halkara başlangyçlary mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

23:20 Iýun 29, 2026