Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy halkara gatnaşyklaryny giňeltýär


Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda uly göwrümli infrastruktura ylalaşygyna gol çekildi. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň gatnaşmagynda Türkiýäniň belli “Gap Inşaat Yatırım ve Dış Ticaret A.Ş.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşyldy. Resminamada gaznanyň serişdeleriniň hasabyna Arkadag şäherinde hereket edýän orta mekdebi giň gerimli döwrebaplaşdyrylmagy we dikeldilmegi, şeýle hem onuň çäginde döwrebap bedenterbiýe-sport toplumynyň we 320 orunlyk täze çagalar bagynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Bu ädim «akylly şäheriň» durmuş ulgamynyň maddy-tehniki binýadyny düýpli berkitmäge mümkinçilik berer.
Şertnama gol çekilmegi gaznanyň ýolbaşçylygynyň esasy halkara hyzmatdaşlar bilen ynsanperwer ugurlary giňeltmäge gönükdirilen duşuşyklarynyň dowamynda bolup geçdi. Hususan-da, Oguljahan Atabaýewa bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýanyň arasynda geçirilen duşuşykda jemgyýetiň abadançylygyny ýokarlandyrmak we BMG-niň ýurt maksatnamalaryny milli durmuş goraglylygy ulgamlarynyň mehanizmleri bilen utgaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar gaznanyň ÝUNISEF bilen baglaşan Ähtnamasyna daýanyp, Durnukly ösüş maksatlaryny öňe ilerletmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Çagalaryň saglygyny goramak we ýöriteleşdirilen bilim meseleleri Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin bilen geçirilen gepleşikleriň esasy temalary boldy. Taraplar özara saparlaryň netijelerine, şol sanda geçen ýyl Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň arasynda gol çekilern özara düşünişmek hakynda Ähtnama we şu ýylyň aprelinde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Aşgabada bolan saparyna ýokary baha berdiler, bu bolsa öňdebaryjy lukmançylyk tejribelerini ornaşdyrmak üçin berk binýady döredýär.






