Aşgabatda Bilelik Hub merkeziniň administratory wezipesi boýunça boş iş ornuna kabul edişlik açyldy


Bilelik Hub — Aşgabatda ýerleşýän döwrebap döredijilik giňişligi bolup, telekeçileri, hünärmenleri, talyplary we döredijilik adamlaryny bir ýere jemleýär. Ol koworking we jemgyýetçilik merkezi hökmünde işläp, onuň çäginde açyk giňişlikler (open space), duşuşyk otaglary, sungat studiýasy, okalga zaly we çäreler üçin maslahatlar zaly göz öňünde tutulan.
Bu giňişlik işewürlik gurşawyny ösdürmäge, pikir alyşmaga we bilelikdäki taslamalary döretmäge hem-de hünär taýdan ösmäge mümkinçilik berýär.
Wezipe: Administrator
Borçlar:
• myhmanlary we rezidentleri garşylamak we olara kömek bermek;
• giňişligiň gündelik işini guramak;
• otaglary we duşuşyk zallary bron etmek işini utgaşdyrmak;
• tertip-düzgüni we hyzmat standartlaryny saklamak;
• çäreleri guramak işine gatnaşmak.
Talaplar:
• dogry we düşnükli dilden hem ýazuwdan peýdalanmak ukyby;
• aragatnaşyklylyk we jogapkärçilik;
• müşderi bilen işleşmäge ukyby;
• kompýuter we onlaýn hyzmatlar boýunça esasy başarnyklar;
• birnäçe işi bir wagtda ýerine ýetirip bilmek ukyby;
• rus we türkmen dillerini bilmek artykmaçlyk bolar.
Şahsy maglumatlary ibermek üçin e-mail: info@bilelik.com.tm
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993 63 476 289
+993 12 415 658
Salgysy: Aşgabat şäheri, S. Seýdi köçesi, 70/1, Ashgabat Mall, 1-nji gat, C blok.
ORIENT







