HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen mekdep okuwçylary Täjigistanda geçirilen “Arkalaşygyň çagalary” forumynda milli medeniýetimiz bilen tanyşdyrdylar

Iýun 26, 2026 | 17:39 |1870
Türkmenistanly mekdep okuwçylary Täjigistanda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň başlangyjy bilen geçirilen “Arkalaşygyň çagalary” atly XI Halkara medeni-aň-bilim forumyna gatnaşdylarTürkmenistanly mekdep okuwçylary Täjigistanda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň başlangyjy bilen geçirilen “Arkalaşygyň çagalary” atly XI Halkara medeni-aň-bilim forumyna gatnaşdylar
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanly mekdep okuwçylary Täjigistanda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň başlangyjy bilen geçirilen “Arkalaşygyň çagalary” atly XI Halkara medeni-aň-bilim forumyna gatnaşdylar. Aşgabat şäherinden we welaýatlardan 14–17 ýaş aralygyndaky okuwçylar paýtagtymyzyň tejribeli mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza wekilçilik etdiler.

Syýahatyň esasy wakalarynyň biri “Türkmenistanyň güni” boldy. Okuwçylar GDA-nyň dokuz ýurdundan gelen deň-duşlaryny Türkmenistanyň baý taryhy, ykdysady üstünlikleri we syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen giňişleýin tanyşdyrdylar.

форуме «Дети Содружества» в Таджикистане3

Ahalteke atlary, halyçylyk sungaty, alabaý itleri hem-de akylly Arkadag şäheri baradaky gürrüňler halkara gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdiler. Sahnada beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň goşgulary okaldy, çykyş bolsa meşhur “Küştdepdi” halk tansynyň ýerine ýetirilmegi bilen tamamlandy.

форуме «Дети Содружества» в Таджикистане2

Forumyň maksatnamasy ýaşlaryň ösüşi üçin baý mazmunly we peýdaly boldy. Resmi çäreleriň çäginde wekiliýet Täjigistanyň Parlamentine baryp gördi, ol ýerde Mejlisiniň başlygy Faýzali Idizoda ýurduň döwlet gurluşy barada okuwçylara maglumat berdi.

форуме «Дети Содружества» в Таджикистане1

Gatnaşyjylar üçin intellektual olimpiada, halk artistleri bilen ussatlyk sapaklary hem-de olimpiýa çempionlary bilen duşuşyklar guraldy. Inženerçilik meýdançalarynda okuwçylar Gündogaryň ylmy mirasyny we häzirki zaman robototehnikasynyň esaslaryny öwrendiler.

форуме «Дети Содружества» в Таджикистане

Syýahatyň medeni bölegi bolsa kabul edýän ýurduň esasy gözel ýerlerine — “Istiklol” binagärlik toplumyna, “Kohi Nawruz” köşgüne we Täjigistanyň Milli muzeýine gezelençleri öz içine aldy. Bu bolsa ýaşlaryň dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge we dünýägaraýşyny giňeltmäge mümkinçilik berdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026