Figure AI kompaniýasynda ilkinji gezek gumanoid robotlaryň sany adam işgärlerden köp boldy


Amerikanyň Figure AI kompaniýasy dünýäde ilkinji bolup adam şekilli robotlaryň sanynyň adam işgärleriň sanyndan geçendigini yglan etdi.
Startapyň baş direktory Brett Adkok bu ýagdaýy 2022–2026-njy ýyllar aralygynda işgärler düzüminiň üýtgeýşini görkezýän grafik bilen tassyklady.
Bu waka awtomatlaşdyrmagyň nazaryýetden hakyky önümçilige nähili çalt geçýändigini aýdyň görkezýär. 2025-nji ýylyň başyna çenli kompaniýadaky android robotlaryň sany az bolsa-da, köpçülikleýin önümçilik ýola goýlandan soň olaryň sany çalt artdy. 2026-njy ýylyň ortalaryna çenli robotlaryň sany 740 birlige ýetdi. Şol bir wagtyň özünde adam inženerleriniň we programma düzüjileriniň sany has haýal depginde artyp, häzirki wagtda takmynan 660 adama deň boldy.
Ösüş depginlerindäki bu tapawut emeli aňyň önümçilige ornaşdyrylmagynyň adam işgärleriniň sanynyň artmagyndan has çalt amala aşyrylýandygyny görkezýär. Figure AI kompaniýasynyň ýolbaşçysy işe iberilmäge taýýar onlarça robotyň gaplanan ýagdaýdaky suratlaryny hem paýlaşdy.
Mundan ozal startup özleriniň iň täze Figure 03 modeliniň ibermeleri görnüşlere görä bölmek boýunça adam tejribe işgärine garşy bäsleşen synagyny geçirdi. Kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň aýtmagyna görä, şol gezek adam ýeňiş gazanan hem bolsa, bu olaryň android robotynyň işgärden soňky gezek yza galan ýagdaýy bolupdyr.
Bu waka robotlaşdyrmagyň dünýä boýunça giňden ýaýraýan ugrunyň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda Amazon we Meta ýaly iri tehnologiýa kompaniýalary emeli aňyň mümkinçiliklerinden has giň peýdalanýarlar. Şol bir wagtda Tesla kompaniýasy Optimus taslamasynyň üstünde işleýär, Hytaýyň Unitree we Agibot kompaniýalary bolsa täjirçilik maksatly gumanoid robotlary döretmek boýunça işlerini dowam etdirýärler.
ORIENT








