Özbegistan iki obany Gyrgyzystana berdi we Gazagystana ýer çalşygy teklip etdi


Özbegistan deň möçberli serhetýaka ýerleriniň öwezine iki ilatly nokady Gyrgyzystanyň düzümine geçirdi. Bu barada Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň metbugat sekretary Askat Alagozowyň beýanatyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berdi.
«Häzirki wagtda Özbegistan Respublikasy bilen döwlet serhedini demarkasiýa etmegiň çäklerinde ozal Özbegistanyň çägine degişli bolan iki ilatly nokat öz ýaşaýjylary bilen bilelikde (takmynan 2500 adam) Gyrgyz Respublikasynyň düzümine geçirildi» diýip, Alagozow sosial ulgamlarda ýazdy.
Onuň sözlerine görä, gürrüň ozal Özbegistanyň Fergana welaýatynyň düzümine giren we esasan gyrgyzlar ýaşaýan Çongara hem-de Taş-Tobo obalary barada gidýär. Obalarda hasaba alyş işleri geçirilip, olaryň tamamlanmagyndan soň ýaşaýjylara Gyrgyzystanyň raýatlygy berler.
Alagozow bu ilatly nokatlaryň öwezine Daşkendiň serhet zolagynda ýerleşýän deň möçberli ýer böleklerini alandygyny aýtdy.
Saý obasy bilen Taýan obasynyň arasynda awtomobil ýoluny gurmak maksady bilen, taraplar umumy meýdany 236 gektar bolan deň möçberli ýer böleklerini hem çalyşdylar. Bu taslama durmuşa geçirilenden soň, Batken welaýatynyň ýaşaýjylary Aýdarkenden Batkene Saý we Taýan obalarynyň üsti bilen baryp bilerler. Şeýlelikde ýol häzirki 225 kilometrlik aýlawyň ýerine takmynan 55 kilometre çenli gysgalar.
Alagozow Bişkegiň Gazagystana hem paýtagt bilen Kemin şäherini birleşdirjek tölegli awtomagistraly gurmak üçin deň möçberli serhetýaka ýerlerini çalyşmak baradaky teklibi hödürländigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, gürrüň Tokmok şäheriniň golaýyndaky takmynan 800 metrlik ýol bölegi barada gidýär. Geljekde Bişkekdäki Almaty köçesinden Kemin şäherine çenli uzaljak täze awtomagistralyň umumy uzynlygy takmynan 150 kilometre ýetip biler.
Metbugat sekretary şeýle meseleleriň syýasy çaklamalaryň ýa-da jedelleriň predmetine öwrülmeli däldigini hem nygtady.








