Indoneziýada rupiýanyň hümmetiniň gaçmagy tempe öndürijilerine täsir etdi
Rupiýa dollara garşy taryhy iň pes derejesine ýetdi, import edilýän soýa gymmatlady, tempe öndürijileri bahalary galdyrmaga mejbur boldular. Bir kilogramyna 2000 rupiýa bolan subsidiýa halas etmeýär. Bazarlardan maýanyň gitmegi ykdysadyýete bolan basyşy güýçlendirýär.
“CCTV+”iň habar bermegine görä, walýutanyň hümmetiniň gaçmagy esasy azyk önümleriniň, şol sanda tempe önüminiň bahasynyň ýokarlanmagyna getirdi, bu bolsa tutuş Indoneziýa boýunça millionlarça adamyň durmuşyna täsir etdi. Indoneziýa rupiýasynyň ABŞ dollaryna bolan gatnaşygy öz taryhynda iň pes derejä ýetdi, bu bolsa bütin ýurt boýunça bazarlara we kiçi telekeçilige täsirini ýetirdi.
Junaedi, bu işewürlik bilen otuz ýyl bäri meşgullanýandygyny, häzirki ýagdaýyň görlüp-eşidilmedikdigini we özünde bahalary galdyrmakdan başga hiç hili saýlawyň galmandygyny aýtdy. «Bu örän gynançly, sebäbi başda biz adaty baha boýunça satýardyk, häzir bolsa ýokary. Eger baha durnuklaşmasa, biz zyýan çekeris, sebäbi soýa däneleriniň bahasy eýýäm çendenaşa ýokary» diýip, ol aýtdy.
Şol bir wagtda, Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar sebäpli maýadarlaryň maýasy Indoneziýanyň bazarlaryndan ýuwaş-ýuwaşdan gidýär, bu bolsa ykdysadyýete bolan agramy has-da artdyrýar we gowşaýan walýuta bolan basyşy güýçlendirýär.
Ýurduň Hökümeti import edilýän soýanyň bir kilogramy üçin 2000 rupiýa möçberinde subsidiýa girizmek arkaly kärhanalara we sarp edijilere bolan basyşy azaltmaga synanyşýar. Rupiýanyň üýtgemegi sebäpli, Junaedi ýaly kiçi telekeçiler maliýe agramyny çekmeli we uýgunlaşmaly bolýandyklaryny aýdýarlar.
Tempe — bu soýa dänelerinden taýýarlanýan Indoneziýanyň adaty önümidir hem-de millionlarça adam üçin esasy belok çeşmesidir. Indoneziýa ony öndürmek üçin zerur bolan soýa däneleriniň 80%-den gowragyny import edýär. Rupiýanyň hümmetiniň peselmegi importy has-da gymmatladýar we öndürijilere hem-de sarp edijilere täsri edýär. Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar we dünýä bazarlaryndaky durnuksyzlyk ýagdaýy has-da kynlaşdyryp, ösüp barýan ýurtlardan, şol sanda Indoneziýadan maýanyň gitmegine sebäp bolýar.








