HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjana saparyny Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp görmek bilen tamamlady

Iýun 24, 2026 | 08:02 |2781
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji güni Garabag sebitindäki iri möçberli infrastruktura we medeni taslamalar bilen tanyşmaga bagyşlandy. Türkmenistanyň Baştutany Baku şäherinden Fizuli şäherine ugrady. Fizuli Halkara howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew garşyladyTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji güni Garabag sebitindäki iri möçberli infrastruktura we medeni taslamalar bilen tanyşmaga bagyşlandy. Türkmenistanyň Baştutany Baku şäherinden Fizuli şäherine ugrady. Fizuli Halkara howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew garşylady
Çeşme: president.az

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji güni Garabag sebitindäki iri möçberli infrastruktura we medeni taslamalar bilen tanyşmaga bagyşlandy. Türkmenistanyň Baştutany Baku şäherinden Fizuli şäherine ugrady. Fizuli Halkara howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew garşylady.

Howa menzilinden iki ýurduň döwlet Baştutanlary bilelikde awtoulagda Fizuli şäherine ugradylar. Ýolugra ýörite gurnalan ýerde Türkmenistanyň Prezidenti we Azerbaýjanyň Prezidenti Fizuli şäherinde gurluşygy alnyp barylýan metjidiň şekil taslamalary bilen tanyşdyryldy. Bu desga aýratyn ruhy ähmiýetiýe eýedir: azerbaýjan halkyna sowgat hökmünde gurulýan metjidiň gurluşygy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyjy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna bina edilýär.

Prezident Ilham Aliýew iki ýurduň berk dostlukly we umumy dini-medeni gatnaşyklarynyň nyşanyna öwrüljek bu metjit üçin azerbaýjan halkynyň adyndan türkmen tarapyna çuňňur minnetdarlygyny beýan etdi.

Soňra döwlet Baştutanlary Azerbaýjanyň medeni paýtagty — Şuşa şäherine ugradylar. Ýoluň ugrunda iki ýurduň Liderleri sebitiň gözel künjekleriniň biri bolan Daşalty düzlüginde saklandylar we bu ýeriň tebigatyny synladylar. Soňra Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri Şuşa şäherine geldiler we ol ýerde şäheri ösdürmegiň baş meýilnamasy, täze ýaşaýyş toplumlary we gurulýan ýene bir metjidiň taslamasy bilen tanyşdylar.

Sebitiň taryhy we ýadygärlik mirasyna aralaşmak maksatnamanyň möhüm bölegi boldy. Döwlet Baştutanlary azerbaýjan halkynyň umumymilli lideri Geýdar Aliýewiň döwlet işine bagyşlanan sergä baryp gerdiler, şeýle hem görnükli sungat işgärleri — Hurşidbanu Natuwanyň, Bülbüliň heýkellerini we kompozitor Üzeýir Gajibeýliniň ýadygärligini synladylar. Liderler şeýle-de asyrlar boýy Ýewraziýanyň medeni we söwda ýollarynyň çatrygyndaky möhüm merkez bolup hyzmat eden XVIII asyryň täsin desgasy bolan Şuşa galasyna bardylar.

president-turkmenistan-visit-shusha-fizuli-karabakh-horse (2).jpg

Saparyň ýene bir wakasy, azerbaýjan professional wokal sungatynyň düýbüni tutujy Bülbüliň öý-muzeýine baryp görülmegi boldy. Belent mertebeli myhmanlary onuň ogly — “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly adyň eýesi bolan rowaýaty aýdymçy we diplomat Polat Bülbül ogly hut muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrdy. Ol Şuşa toprakarynda Türkmenistanyň Baştutany bilen duşuşmagyň özi üçin uly mertebedigini we iki halkyň ruhy kökleriniň bütewiliginiň aýdyň subutnamasydygyny nygtady.

Sapar gadymy döwürlerden bäri milli at çapyşyklarynyň meýdançasy bolup hyzmat eden meşhur gaýalaryň gyrasynda ýerleşýän Jydyr düzünde tamamlandy. Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çuňňur hormat goýmagyň nyşany hökmünde «Mert» atly Garabag tohumyndan bolan ajaýyp bedew sowgat berildi. Ilham Aliýew türkmen atçylyk mekdebine ýokary baha berip, atyň şahadatnamasyny Türkmenistanyň Baştutanyna gowşurdy.

president-turkmenistan-visit-shusha-fizuli-karabakh-horse (5).jpg

Serdar Berdimuhamedow sowgat üçin minnetdarlyk bildirip, garabag bedewiniň türkmen-azerbaýjan mizemez doganlygynyň janly nyşanyna öwrüljekdigini nygtady. Maksatnama tamamlanandan soň, Fizuli şäheriniň Halkara howa menzilinde iki ýurduň Liderleri mähirli hoşlaşdylar, şondan soň döwlet Baştutanynyň uçary Aşgabada ugrady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan iki obany Gyrgyzystana berdi we Gazagystana ýer çalşygy teklip etdi

Özbegistan iki obany Gyrgyzystana berdi we Gazagystana ýer çalşygy teklip etdi

22:05 Iýun 24, 2026
Türkmen dizaýneri Tanger Fashion Week 2026 moda hepdeliginde öz kolleksiýasyny hödürledi

Türkmen dizaýneri Tanger Fashion Week 2026 moda hepdeliginde öz kolleksiýasyny hödürledi

22:00 Iýun 24, 2026
Balkan welaýatyndaky Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni

Balkan welaýatyndaky Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni

21:13 Iýun 24, 2026