HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kiýewde Magtymgulynyň şygryýet günleri geçirildi

Iýun 24, 2026 | 15:52 |1684
11–20-nji iýun aralygynda Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherinde diplomatlary, alymlary, ýazyjylary we talyp ýaşlary bir ýere jemlän «Magtymgulynyň şygryýet günleri» geçirildi11–20-nji iýun aralygynda Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherinde diplomatlary, alymlary, ýazyjylary we talyp ýaşlary bir ýere jemlän «Magtymgulynyň şygryýet günleri» geçirildi
Çeşme: Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy

11–20-nji iýun aralygynda Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherinde diplomatlary, alymlary, ýazyjylary we talyp ýaşlary bir ýere jemlän «Magtymgulynyň şygryýet günleri» geçirildi. Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy bilen Kiýewdäki Magtymguly adyndaky kitaphananyň bilelikde guramagynda geçirilen medeni çäre Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň çäklerinde guraldy.

Halkara myhmanlary üçin bu çäre türkmen medeniýetiniň köptaraply dünýäsini açmaga, onuň nusgawy edebiýatynyň çuňňur filosofiýasyna baha bermäge hem-de halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga özboluşly mümkinçilik döretdi. Onlaýn we oflaýn görnüşlerde geçirilen duşuşyklar gatnaşyjylara Türkmenistanyň ruhy gymmatlyklary we özboluşly milli däpleri bilen has ýakyndan tanyşmaga ýardam berdi.

Şygryýet günleriniň dowamynda nusgawy şahyryň meşhur goşgulary türkmen, ukrain, fransuz we iňlis dillerinde filologlar, talyplar hem-de mekdep okuwçylary tarapyndan okaldy. Çäräniň döredijilik ruhuny has-da baýlaşdyran aýdym-saz çykyşlarynda ýerli mekdepleriň okuwçylary Magtymgulynyň goşgularyna öz mugallymlary tarapyndan döredilen sazlar esasynda taýýarlanan wokal eserleri ýerine ýetirdiler.

Forumyň myhmanlary üçin kitaphananyň düzüminde hereket edýän şahyryň muzeý otagyna hem gezelençler guraldy. Gatnaşyjylar dürli dillerde neşir edilen seýrek kitaplar, milli saz gurallary we Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň täsin nusgalary bilen tanyşdylar.

Çäräniň jemleýji pursaty Kiýewdäki Magtymgulynyň ýadygärliginiň ýanynda «Soňy Dagy» goşgusynyň okalmagy boldy. Türkmen ýaşlary tarapyndan iki dilde ýerine ýetirilen Watana bolan söýgi we onuň abadançylygy baradaky setirler beýik şahyryň döredijiliginiň täze nesilleri ruhlandyrýandygyny hem-de halklaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýändigini ýene-de bir gezek görkezdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

23:55 Awgust 02, 2026
Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

23:35 Awgust 02, 2026
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026