HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Izmirde 12-nji halkara Future Fish Eurasia sergisi geçiriler

Iýun 24, 2026 | 15:48 |1386
2026-njy ýylyň 24–26-njy sentýabry aralygynda Türkiýäniň Izmir şäheriniň Gaziemir sergi merkezinde deňiz önümleriniň eksporty we gaýtadan işleniş tehnologiýalaryna, akwa medeniýeti hem-de balykçylyk pudagyna bagyşlanan 12-nji halkara Future Fish Eurasia sergisi geçiriler2026-njy ýylyň 24–26-njy sentýabry aralygynda Türkiýäniň Izmir şäheriniň Gaziemir sergi merkezinde deňiz önümleriniň eksporty we gaýtadan işleniş tehnologiýalaryna, akwa medeniýeti hem-de balykçylyk pudagyna bagyşlanan 12-nji halkara Future Fish Eurasia sergisi geçiriler
Çeşme: eurasiafairs.com

2026-njy ýylyň 24–26-njy sentýabry aralygynda Türkiýäniň Izmir şäheriniň Gaziemir sergi merkezinde deňiz önümleriniň eksporty we gaýtadan işleniş tehnologiýalaryna, akwa medeniýeti hem-de balykçylyk pudagyna bagyşlanan 12-nji halkara Future Fish Eurasia sergisi geçiriler. Bu çäre Türkiýede balykçylyk pudagyna ýöriteleşdirilen ýeke-täk sergi bolup, Ýewropadan, Aziýadan, Ýakyn Gündogardan we Demirgazyk Afrikadan gelýän hünärmenler üçin özboluşly halkara platforma bolar.

Serginiň esasy maksady işewürlik wekillerine ösüp barýan bazarlara çykmak we halkara hyzmatdaşlyk toruny giňeltmek üçin netijeli meýdança döretmekden ybaratdyr. Şu ýyl çäre AquaFeed Eurasia sergisi we maslahaty bilen bilelikde geçiriler. Şeýle birleşme sergä gatnaşýan kompaniýalara öz innowasion işläp taýýarlamalaryny hünärmenleriň giň toparyna gönüden-göni tanyşdyrmak üçin aýratyn mümkinçilik döreder.

Maslahatyň işewürlik maksatnamasy pudagyň esasy meselelerini çözmäge, innowasiýalary ornaşdyrmaga we önümçiligi kämilleşdirmäge gönükdiriler. Dünýäniň öňdebaryjy hünärmenleri akwa medeniýetde emeli aňyň hem-de akylly oba hojalyk tehnologiýalarynyň ulanylyşy, şeýle-de durnukly ösüş, galyndylary azaltmak we ekologiýa taýdan arassa çözgütleri ilerletmek meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Mundan başga-da, iýmleri gaýtadan işlemek usullaryna, iýmitlendirişdäki täze ugurlara, önümleriň hilini we howpsuzlygyny bahalandyrmaga aýratyn üns berler. Şeýle hem akwa medeniýet pudagynda saglygy goramak, şol sanda funksional iýmleriň we balyklar üçin alternatiw iýmit çeşmeleriniň ulanylyşy gün tertibinde möhüm orun eýelär.

Çäre pudagyň ähli ugurlaryny — iýme goşulýan goşundylardan we gaýtadan işleýiş enjamlaryndan başlap, logistika we taýýar önümleriň eksportyna çenli öz içine alar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026