HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

Iýun 24, 2026 | 16:00 |1849
Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Kir Starmer öz wezipesinden çekilýändigini resmi taýdan yglan etdiBeýik Britaniýanyň Premýer-ministri Kir Starmer öz wezipesinden çekilýändigini resmi taýdan yglan etdi
Çeşme: ru.euronews.com

Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Kir Starmer öz wezipesinden çekilýändigini resmi taýdan yglan etdi. Bu karar ýurduň içki syýasy we ykdysady kynçylyklarynyň ýitileşmegi, ilatyň ynam derejesiniň peselmegi hem-de oppozisiýanyň basyşynyň güýçlenmegi bilen baglanyşykly kabul edildi.

Öz çykyşynda Starmer döwlet durnuklylygynyň bähbidini nazara alyp, wezipedwn gidýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, häzirki şertlerde ýurdy netijeli dolandyrmagy dowam etdirmek mümkin bolmady. Dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň biriniň lideriniň wezipesinden gitmegi halkara giňişlikde uly seslenme döretdi we Britaniýanyň hökümetini näbellilik döwrüne getirdi.

Häkimiýetiň üýtgemegi dünýä bazarlaryna, Londonyň daşary syýasatyna we halkara ylalaşyklaryna gönüden-göni täsir edip biler.

Ýakyn wagtda Beýik Britaniýada täze hökümet baştutanyny kesgitlemek üçin partiýa içindäki saýlawlar geçiriler. Täze lider saýlanyp bellenilýänçä, häzirki hökümet häkimiýet boşlugynyň döremegine ýol bermezlik maksady bilen, öz borçlaryny çäklendirilen tertipde ýerine ýetirmegini dowam etdirer.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026